> Problemalary çözmek > Syýa guýmaga çen boldy > Syýa gutularyna syýa guýmak

Syýa gutularyna syýa guýmak

  1. Resminama gapagy açyk bolsa ýapyň.

  2. Skaner bloguny iki el bilen tä gulplanýança açyň.

  3. Syýa gutusy gapagyny açyň.

    Syýa guýmak barada ekrandaky ähli ulanyş ätiýaçlyk çärelerini okap, indiki ekrana dowam ediň.

  4. Syýa gutusynyň gapajygyny açyň.

    Möhüm:

    Syýa gutusynyň reňki bilen guýmakçy bolýan syýaňyzyň reňki deň bolmalydyr.

  5. Syýa çüýşejigini dik saklap, gapajygy ýuwaşja towlap aýryň.

    Möhüm:
    • Epson hakyky Epson syýa çüýşejiklerini ulanmaklygy maslahat berýär.

    • Seresap boluň, syýany dökäýmäň.

  6. Syýa gutusyndaky ýokarky çyzygy (a) barlaň.

  7. Syýa çüýşejiginiň depesini guýuş portuna gabatlap, ony göni porta giriziň we syýany ýokarky çyzyga çenli öz-özi durýança guýuň.

    Syýa çüýşesini dogry reňkdäki dolduryş portuna girizen wagtyňyz, syýa guýlup başlaýar we syýa ýokarky çyzyga ýetende, onuň akmagy öz-özünden durýar.

    Eger syýa guta akyp başlamasa, çüýşejigi aýryp, täzeden dakyň. Ýöne, syýa ýokarky çyzyga ýetende, syýa çüýşejigini aýyrmaň we täzeden dakmaň; ýogsam, syýanyň syzmagy mümkin.

  8. Syýa guýlup bolansoň, syýa çüýşejigini aýryň.

    Möhüm:

    Syýa çüýşejigini dakylgy galdyrmaň; ýogsam, çüýşejige zeper ýetirip ýa-da syýa syzyp biler.

    Bellik:

    Eger çüýşejikde syýa galsa, gapajygyň berk ýapyp, soň ulanmak üçin dik görnüşde ýygnap goýuň.

  9. Syýa gutusynyň gapajygyny pugta ýapyň.

  10. Syýa gutusy gapagyny berk ýapyň.

  11. Skaner bloguny ýapyň.

    Bellik:

    Skaner blogy haýal ýapylmaga we barmak gapjalmaz ýaly, biraz garşylyk görkezmäge dizaýn edilendir. Biraz garşylyk duýsaňyz hem, ýapmaga dowam ediň.

  12. Ekrandaky görkezmeleri berjaý edip, guýulýan syýanyň reňkiniň syýa derejesini belläň.

Möhüm:

Eger syýa gutusyny ýokarky çyzyga çenli doldurmasaňyz hem, printeri ulanmaga dowam edip bilersiňiz. Ýöne, printeri optimal şertde işledip saklamak üçin, syýa gutusyny ýokarky çyzyga çenli dolduryň we derrew syýa derejesini nol ediň.