> Printere tehniki hyzmat > Kagyz beriş problemalary üçin kagyz ýoluny arassalamak

Kagyz beriş problemalary üçin kagyz ýoluny arassalamak

kagyz kassetasy kagyzy dogry bermese, içerki roligi arassalaň.

  1. düwmesini basyp, printeri ýapyň.

  2. Tok şnuruny sogruň we birikmeden aýryň.

  3. Resminama gapagy açyk bolsa ýapyň.

  4. Skaner bloguny iki el bilen tä gulplanýança açyň.

  5. Syýa gutusy gapajygyny jebis ýapyň.

    Möhüm:

    Eger syýa gutusynyň gapajygy jebis ýapylmasa, syýanyň syzmagy mümkin.

  6. Skaner bloguny ýapyň.

    Bellik:

    Skaner blogy haýal ýapylmaga we barmak gapjalmaz ýaly, biraz garşylyk görkezmäge dizaýn edilendir. Biraz garşylyk duýsaňyz hem, ýapmaga dowam ediň.

  7. Kagyz kassetasyny çykaryp, kagyzy aýryň.

  8. Printeri syýa gutuly tarapyny aşak edip, ýanyn goýuň.

    Üns beriň:

    Printeri ýanyn goýýan wagtyňyz eliňizi ýa-da barmagyňyzy gapjadaýmaň. Ýogsam, size şikes ýetmegi mümkin.

    Möhüm:

    Printeri uzak wagtlap ýanyn goýmaň.

  9. Ýumşak matany suw bilen ölläp, mazaly syrkyň we roligi mata bilen aýlap süpüriň.

  10. Printeri öňki durkuna getiriň we kagyz kassetasyny dakyň.

  11. Tok şnuruny birikdiriň.