Awto-berijiden nusgalanan ýa-da skanlanan suratlar çyrşak bolsa, ýa-da originallar awto-berijiden dogry berilmeýän bolsa, awto-berijini arassalaň.
Printeri arassalamak üçin hiç wagt alkogol (spirt) ýa-da suwaldyjy ulanmaň. Ol himiki serişdeler printere zeper ýetirip biler.
Awto-berijiniň gapagyny açyň.

Roligi we awto-berijiniň içini arassalamak üçin, ýumşak, çygly mata ulanyň.

Gury mata ulanmak roligiň ýüzüne zeper ýetirip biler. Awto-berijini rolik guransoň ulanyň.
Skaneriň gapagyny açyň.
Iki diljagazy hem goýberip, resminama matyny aýryň.

Aşakdaky suratda görkezilýän ýeri arassalaň.


Eger aýnada ýag ýa-da aýyrmasy kyn tegmil bar bolsa, biraz aýna arassalaýjy serişde we ýumşak mata bilen tegmili aýryň. Ähli galan suwuklygy süpürip aýryň.
Aýnanyň ýüzüni gaty basmaň.
Aýnanyň ýüzüni çyzaýmaň ýa-da oňa zeper ýetiräýmäň. Aýnanyň ýüzüne zeper ýetse, skanlamagyň hili peselip biler.
Resminama matyny täzeden dakyň.
Skaneriň gapagyny ýapyň.
Awto-berijiniň gapagyny şyrkyldadyp ýapyň.
