Birigen telefonda awto-jogapçy funksiýasyny ulanmak üçin sazlamalary bellemek

Birigen telefonyň awto-jogapçy funksiýasyny ulanmak üçin, printeri sazlaň.

  1. Printeriň dolandyryş panelinde Sazlamalar saýlaň.

  2. Umumy Sazlamalar > Faks Sazlamalary > Esasy Sazlamalar saýlaň.

  3. Kabul Ediş Tertibi funksiýasyny Awto diýip belläň.

  4. Printeriň Jogap Berilmeli Jaňlar sazlamasyny awto-jogapçyňyzyň jyrlama sanyndan has köp sana belläň.

    Eger Jogap Berilmeli Jaňlar sazlamasy awto-jogapçynyň jyrlama sanyndan pes bellenen bolsa, awto-jogapçy sesli habarlary ýazga geçirer ýaly sesli jaňlary alyp bilmeýär. Awto-jogapçynyň sazlamalary üçin, onuň ýany bilen gelýän gollanmalara serediň.

Sebite baglylykda, printeriň Jogap Berilmeli Jaňlar sazlamasynyň görkezilmezligi mümkin.