Durmuşyňyzy has oňaýlaşdyrmak üçin, skanlamagy dürli görnüşlerde ulanyp bilersiňiz.
Kagyz resminamany skanlap, sanly maglumata öwürmek arkaly, ony kompýuterde ýa-da mobil enjamda okap bilersiňiz.
Biletleri ýa-da flaýerleri sanly maglumata skanlamak arkaly, originallary taşlap we gereksiz goşy azaldyp bilersiňiz.
Möhüm resminamalary skanlamak bilen, birden ýitäýse diýip, olary bulut hyzmatlaryna ýa-da başga ammar serişdesine ätiýaçlap bilersiňiz.
Skanlanan fotosuratlary ýa-da resminamalary e-poçta bilen dostlara iberip bilersiňiz.
Elde çyzylan şekillendirmeleri we beýlekileri skanlamak arkaly, olary sosial mediada mobil enjam bilen surata düşürenden has ýokary hilde paýlaşyp bilersiňiz.
Gazetlerden ýa-da žurnallardan halaýan sahypalaryňyzy skanlamak arkaly, olary ýazdyryp, originallaryny taşlap bilersiňiz.