> Problemalary çözmek > LCD ekranda bir hat görkezilýär

LCD ekranda bir hat görkezilýär

LCD ekranda näsazlyk barada hat görkezilse, onda problemany çözmek üçin, ekrandaky görkezmeleri ýa-da aşakdaky çözgütleri berjaý ediň.

Näsazlyk barada hatlar

Çözgütler

Printer Ýalňyşlygy

Printeri gaýtadan işe giriziň. Köp maglumat üçin öz resminamalaryňyza serediň.

Içerki gapagy we skaner bloguny açyp, printeriň içindäki islendik kagyzy ýa-da goraýjy materialy çykaryň. Togy öçürip, täzeden açyň.

XX kagyz ýok.

Kagyzy goýup, kagyz kassetasyny doly içerik salyň.

Printeriň araçäksiz çap ediş syýa prokladkasy ulanyş wagtynyň soňuna golaýlaýar. Bu ulanyjy tarapyndan çalşyrylyp bilinýän bölek däl. Epson goldawyna ýüz tutuň.

Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň*. Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir.

Çap edişe dowam etmek üçin, OK basyň.

Printeriň araçäksiz çap ediş syýa prokladkasy ulanyş wagtynyň soňuna ýetdi. Bu ulanyjy tarapyndan çalşyrylyp bilinýän bölek däl. Epson goldawyna ýüz tutuň.

Araçäksiz çap ediş syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň*. Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir.

Ýöne, skanlamak ýaly syýa ulanmaýan amallary ýerine ýetirip bilersiňiz.

Kagyz Gurnawynyň Awto Displeýi Ýapyk edilip bellenen. Käbir funksiýalar elýeterli bolman biler. Jikme-jiklik üçin, resminamalaryňyza serediň.

Kagyz Gurnawynyň Awto Displeýi ýapyk bolsa, AirPrint ulanyp bilmersiňiz.

Aýlama tony tapylmady.

Problemanyň şeýle çözülmegi mümkin: Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Faks Sazlamalary > Esasy Sazlamalar > Liniýa Görnüşi saýlap, PBX saýlaň. Telefon ulgamyňyza daşarky liniýa çykmak üçin daşarky giriş kody gerek bolsa, PBX saýlap, giriş koduny belläň. Daşarky faks belgisini girizeniňizde, hakyky giriş koduna derek # (gözenek) ulanyň. Ol birikmäni has göwnejaý üpjün edýär.

Eger näsazlyk barada hat şonda-da aýrylmasa, Tonal Signaly Anyklamak sazlamalaryny ýapyň. Ýöne, bu aýratynlygy ýapsaňyz, faks belgisiniň birinji sifriniň galdyrylyp, faksyň ýalňyş belgä gitmegi mümkin.

IP salgy we kiçi tor maska kombinasiýalary dogry däl. Goşmaça maglumatlar üçin resminamaňyzy görüň.

Dogry IP salgysyny ýa-da standart şlýuzy giriziň. Tory gurnan kişä kömek sorap ýüz tutuň.

Daşky tor gurşawyny ulanmaklyk üçin asyl şahadatnamany täzeläň.

Web Config işledip, düýp sertifikaty täzeläň.

Çap ediji enjamynyň kompýutere gurlandygyny we çap ediji üçin port sazlamalarynyň dogrylygyny barlaň.

Çap Ediş Nobaty basyň (printer draýweriniň Abatlaýyş tabynda). Aşakda görkezilişi ýaly, Printer menýusyndan Aýratynlyk > Port-da printer portunyň dogry saýlanylandygyny anyklaň.

USB birikmesi üçin “USBXXX”, ýa-da tor birikmesi üçin “EpsonNet Print Port” saýlaň.

Çap ediji enjamynyň kompýutere gurlandygyny we çap ediji üçin USB sazlamalarynyň dogrylygyny barlaň.

Recovery Mode

Update Firmware

Printer dikeldiş tertibinde başladyldy, sebäbi proşiwkany täzeläp bolmady. Proşiwkany täzelemäge gaýtadan synanyşmak üçin, aşakdaky ädimleri berjaý ediň.

Proşiwkany täzelemäge gaýtadan synanyşmak üçin, aşakdaky ädimleri berjaý ediň.

1. Kompýuter bilen printeri USB kabeli arkaly birikdiriň.

Möhüm:
  • Dikeldiş tertibinde proşiwkany tor birikmesiniň üsti bilen täzeläp bolmaýar. Diňe USB birikmesini ulanyp bilersiňiz.

  • USB 2.0 görnüşli A-B kabelini ulanyň.

2. Ýerli Epson websaýtyňyzdan iň täze proşiwkany göçürip alyň we täzelemäni başladyň.

* Käbir çap ediş döwrelerinde, araçäksiz çap ediş syýa prokladkasynda ujypsyzja artykmaç syýa ýygnalmagy mümkin. Prokladkadan syýanyň syzmazlygy üçin, prokladka öz çägine ýetende, önüm araçäksiz çap etmekligi duruzýar. Onuň zerurlyk ýagdaýy araçäksiz görnüşde çap edýän sahypa sanyňyza baglylykda üýtgär. Prokladkany çalşyrmak zerurlygynyň ýüze çykmagy printeriň öz häsiýetnamasyna laýyklykda işlemegini bes edendigini aňlatmaýar. Printer size prokladkany haçan çalşyrmalydygyny aýdar, ony bolsa, diňe ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisi ýerine ýetirip bilýär. Epson-yň kepilligi ony çalşyrmagyň çykdajysyny öz içine almaýar.