> Möhüm görkezmeler > Howpsuzlyk görkezmeleri > Syýa üçin howpsuzlyk görkezmeleri

Syýa üçin howpsuzlyk görkezmeleri

  • Syýa gutularyny, olaryň gapajyklaryny, açyk syýa çüýşejiklerini we olaryň gapajyklaryny ellän wagtyňyz, syýanyň özüne degäýmäň.

    • Endamyňyza syýa degse, ony sabyn we suw bilen gowy edip ýuwuň.

    • Syýa gözüňize girse, ony haýal etmän bol suw bilen ýuwuň. Şondan soň hem bimazalyk ýa-da görşüň ýaramazlaşmagy dowam etse, haýal etmän lukmana ýüz tutuň.

    • Syýa agzyňyza girse, haýal etmän lukmana ýüz tutuň.

  • Tehniki hyzmat gutusyny sökmäň; ýogsam, syýanyň gözüňize girmegi ýa-da endamyňyza degmegi mümkin.

  • Syýa çüýşejigini gaty erbet çaýkamaň ýa-da ony agyr urgulara sezewar etmäň, sebäbi ol syýanyň syzmagyna eltip biler.

  • Syýa çüýşejiklerini we tehniki hyzmat gutusyny çagalaryň elýeterinden uzakda goýuň. Çagalaryň syýa çüýşejiklerinden syýa içmegine ýol bermäň.