Printerdäki slotlara zat dykmaň.
Çap edilýärkä, printeriň içine eliňizi salmaň.
Printeriň içindäki ak ýasy şleýfi we syýa týubiklerini ellemäň.
Ýanýan gazly aerozol önümlerini printeriň içinde ýa-da ýanynda ulanmaň. Ol ýangynyň döremegine eltip biler.
Çap ediş golowkasyny el bilen süýşürmäň; ýogsam, printere zeper ýetirmegiňiz mümkin.
Skaner bloguny ýapanyňyzda barmagyňyzy gapjadaýmaň.
Originallary goýanyňyzda, skanner aýnasyna gaty basmaň.
Syýa aşaky çyzykdan pese düşen wagty, printeri köp wagtlap ulanmak oňa zeper ýetirip biler. Printer işledilmeýän wagty, syýa gutusyny ýokarky çyzyga çenli dolduryň. Dogry syýa derejesi takmynlaryny görkezmek üçin, gutyny dolduryp, syýa derejesini nol ediň.
Printeri hemişe
düwmesiniň kömegi bilen ýapyň.
çyrasy ýanyp sönmegini goýýança, printeri tokdan sogurmaň ýa-da tok bloguny öçürmäň.
Eger printeri uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, onda tok şnuruny hökman elektrik rozetkasyndan aýryň.