Çap ediş golowkasyny barlamak we arassalamak (Dolandyryş paneli)

  1. Öý ekranda Sazlamalar saýlaň.

  2. Hyzmat ediş > Çap Ediş Başynyň Pürkgüjini Barla saýlaň.

  3. Lüle-barlag şablonyny çap etmek üçin, ekrandaky görkezmeleri berjaý ediň.

  4. Çap ediş golowkasynyň lüleleri dykylanmy-dälmi görmek üçin, çap edilen şablony barlaň.

    • A:
      Ähli çyzyklar çap edildi. saýlaň. Başga ädim gerek däl.
    • B ýa-da B ýakyn
      Käbir lüleler dykylan. saýlaň, soňra indiki ekranda Çap Ediş Başyny Arassalama saýlaň.
    • C ýa-da C ýakyn
      Köp çyzyklar ýok ýa-da çap edilmedik bolsa, ol köp lüleleriň dykylandygyny aňladýar. Güýçli Arassalaýyş işlediň. Jikme-jiklik üçin, aşakdaky "Dahylly maglumaty" görüň.
  5. Çap Ediş Başyny Arassalama gutaransoň, lüle-barlag şablonyny täzeden çap ediň. Ähli çyzyklar doly çap edilýänçä, arassalamagy we şablony çap etmegi gaýtalaň.

Möhüm:

Lüle barlagy we golowka arassalamak 3 gezek gaýtalansa-da, çap etmegiň hili gowulaşmasa, azyndan 12 sagatlap hiç zat çap etmäň we soňra, gerek bolsa, lüle barlagyny we golowka arassalamagy ýene bir gezek gaýtalaň. Biz printeri düwmesi arkaly öçürmegi maslahat berýäris. Eger çap etmegiň hili şonda-da gowulaşmasa, Güýçli Arassalaýyş işlediň.