Dolandyryş paneline girip, tehniki hyzmat gutusynyň takmynan hyzmat ömrüni barlap bilersiňiz. Printeriň dolandyryş panelinde Hyzmat ediş > Tehniki hyzmat ediş gutynyň gal. g. saýlaň.
Galan hakyky syýa möçberini anyklamak üçin, printeriň ähli gutularyndaky syýa derejesini göz bilen barlaň.
Kompýuterden syýanyň takmynan derejelerini we tehniki hyzmat gutusynyň takmynan ulanyş möhletini barlap hem bilersiňiz. Jikme-jiklik üçin, aşakdaky dahylly maglumat bagyna serediň.