> Problemalary çözmek > Eger kagyz dykylmak ýa-da kagyz gutarmak näsazlygyny aýryp bilmeseňiz

Eger kagyz dykylmak ýa-da kagyz gutarmak näsazlygyny aýryp bilmeseňiz

Printeriň içinde del jisimler bar bolup biler. Olary aýyrmak üçin, aşakdaky ädimleri berjaý ediň.

  1. düwmesini basyp, printeri ýapyň.

  2. Tok şnuruny sogruň we tok şnuruny printerden aýryň.

    Möhüm:

    Tok şnuruny tok çyrasy sönük wagty sogruň. Ýogsam, çap ediş golowkasy başlangyç ornuna dolanmaz we syýanyň guramagyna hem-de çap edip bolmazlygyna sebäp bolar.

  3. Printeriň içinde del jisim ýokdugyny anyklamak üçin, aşakdaky nokatlary barlaň.

    Möhüm:

    Seresap boluň, del jisimleri aýyrýan wagtyňyz, aşakdaky şekillendirmede görkezilen nokatlara degäýmäň, ýogsam printere zeper ýetmegi mümkin.

  4. Eger del jisimleri tapsaňyz, olary pinset bilen aýryň.

    Eger del jisimleri aýryp bilmeseňiz, 5-nji ädime gidiň, olary aýryp bilseňiz, 9-njy ädime gidiň.

  5. Daşamak gulpuny gulply (Transport) ornunda goýuň.

    Printeri daşamak we saklamak

  6. Yzky kagyz berijini çekip çykaryň, printeriň öň tarapynyň iki gapdalyny hem saklap, printeri takmynan 45 gradus yza egiň.

    Möhüm:

    Printeri egýän wagtyňyz, seresap boluň, ony çaýkaýmaň, ýogsam syýanyň syzmagy ýa-da printere zeper ýetmegi mümkin.

  7. Printeri haýallyk bilen kese görnüşe getireniňizden soň, yzky kagyz berijiniň boşlugyndan del jisimler aýryldymy-ýokmy barlaň.

    Eger kagyz dykylmak ýa-da kagyz gutarmak näsazlygy gaýtalanmaga dowam etse, Epson goldawyna ýüz tutuň.

    Epson-yň tehniki goldawyna ýüz tutmak

  8. Daşamak gulpuny açyk (Çap ediş) ornunda goýuň.

  9. Tok şnuruny birikdiriň we soňra printeri işlediň.