Dolandyryş panelinden çap ediş üçin menýu opsiýalary
Dolandyryş panelinden çap ediş üçin menýu opsiýalary
Fotosuratlary saýlamak üçin menýu opsiýalary
Göz aýla
Ýat enjamyndaky fotosuratlary görkezilen şertlere görä sortlap görkezýär. Elýeterli opsiýalar ulanylýan funksiýalara bagly bolýar.
Göz aýlamagy ýatyr:
Fotosurat sortlamagy ýatyryp, ähli fotosuratlary görkezýär.
ýl:
Görkezmek isleýän fotosurat ýylyňyzy saýlaň.
ýyl/aý:
Görkezmek isleýän fotosurat ýylyňyzy we aýyňyzy saýlaň.
ýyl/aý/gün:
Görkezmek isleýän fotosurat ýylyňyzy, aýyňyzy we senäňizi saýlaň.
Görkezme nobaty
Fotosuratlaryň görkeziliş yzygiderligini köpelýän ýa-da azalýan edip üýtgedýär.
Ähli suratlary saýlamak
Ähli fotosuratlary saýlap, çap edişleriň sanyny belleýär.
Ähli suratlary saýlawynyýatyryň
Ähli fotosuratlaryň çap ediş sanyny 0-a (nol) dolaýar.
Kagyz we çap ediş sazlamalary üçin menýu opsiýalary
Kagyz Sazlamasy
Goýan kagyz ölçegiňizi we kagyz görnüşiňizi saýlaň.
Araçäk sazlamasy
Çäksiz:
Gyralarda çet goýman çap edýär. Kagyzyň gyralarynda hiç hili çet çap edilmez ýaly, çap edilýän maglumaty kagyz ölçeginden biraz ulaldýar.
Gyraly:
Gyralarda ak çet goýup çap edýär.
Giňeltme
Araçäksiz çap ediş bilen, kagyzyň gyrasyndaky araçäkleri aýyrmak üçin, surat biraz ulaldylýar. Suraty näçe ulaltmalydygyny saýlaň.
Çarçuwa sygdyrmak
Surat maglumatynyň ölçeg gatnaşygy kagyz ölçegi tapawutly bolsa, gysga taraplar kagyzyň gysga tarapyna gabat geler ýaly edip, surat awtomatik ulaldylýar ýa-da kiçeldilýär. Suratyň uzyn gyrasy kagyzyň uzyn tarapyndan uzyn bolsa kesilýär. Bu aýratynlyk panorama fotosuratlarda işlemän biler.
Hil
Çap ediş hilini saýlaň. Ýokary saýlasaňyz, has ýokary hilli çap edilýär, ýöne tizlik haýallap biler. Adaty kagyza has ýokary hilde çap etmek isleseňiz, Iň gowy saýlaň. Üns beriň, çap ediş tizligi ep-esli haýallap biler.
Sene
Düşürilen ýa-da ýazdyrylan senesi bar bolan fotosuratlarda senäni çap etmek üçin ulanylýan formaty saýlaň. Käbir ýerleşimlerde sene çap edilmeýär.
Maglumat çap et. Foto hakda
Ýapyk:
Hiç hili maglumatsyz çap edýär.
Kamera sazlam.:
Zatwor tizligi, otnositel fokus aralygy ýa-da ISO duýgurlygy ýaly käbir Exif maglumatlary çap edýär. Ýazga geçirilmedik maglumat çap edilmeýär.
Kamera teksti:
Sanly kamerada bellenilen teksti çap edýär. Tekst sazlamalary hakda goşmaça maglumat üçin, kameranyň ýany bilen berilýän resminamalara serediň. Maglumaty araçäksiz çap edişde diňe 10×15 sm, 13×18 sm ýa-da 16:9 giň ölçegde çap edip bolýar.
Çelgi:
Çelgi funksiýasy bar bolan sanly kameralar üçin düşürilen fotosuratda ýeriň ýa-da çelginiň adyny çap edýär. Goşmaça jikme-jiklik üçin, kameraňyzyň öndürijisiniň websaýtyna serediň. Maglumaty araçäksiz çap edişde diňe 10×15 sm, 13×18 sm ýa-da 16:9 giň ölçegde çap edip bolýar.
Ähli sazlamalary arassalaň
Kagyz we çap ediş sazlamalaryny standarda nol edýär.
Dykyzlyk
Reňkleme kitabyny çap etmek üçin. Reňkleme listindäki konturlaryň dykyzlyk derejesini saýlaň.
Setir anyklaýyş
Reňkleme kitabyny çap etmek üçin. Fotosuratdaky konturlary tapmak üçin ulanylýan duýgurlygy saýlaň.
Fotosuratlary düzetmek üçin menýu opsiýalary
Zumla/Aýla
Kesiş zolagyny sazlaýar. düwmeleri arkaly, nusgalamak isleýän ýeriňize çarçuwany süýşürip ýa-da burçlardaky düwmeleri arkaly, çarçuwanyň ölçegini üýtgedip bilersiňiz. Çarçuwany aýlap hem bilersiňiz.
Filtr
Sepiýa ýa-da monohrom görnüşde çap edýär.
Güýçlendir
Surat sazlama opsiýalarynyň birini saýlaň. Awto, Adamlar, Albom ýa-da Gijeki Sahna original suratyň kontrastyny, doýgunlygyny we ýagtylygyny awtomatik sazlamak arkaly, has ýiti suratlary we has janly reňkleri döredýär.
Awto:
Printer suratyň içindäkileri anyklaýar we anyklanan zatlara laýyklykda, suraty awtomatik güýçlendirýär.
Adamlar:
Adam suratlary üçin maslahat berilýär.
Albom:
Peýzaž ýa-da gözel görnüş suratlary üçin maslahat berilýär.
Gijeki Sahna:
Gijeki görnüş suratlary üçin maslahat berilýär.
Gowulan. Ýapyk:
Güýçlendir funksiýasyny ýapýar.
Gyzyl Gözi Düzet
Fotosuratlarda gyzyl gözi düzedýär. Düzedişler original faýlda däl-de, diňe çykýan kagyzlarda ulanylýar. Fotosuratyň görnüşine baglylykda, suratyň gözden başga böleklerini düzedip bolýar.
Ýagtylyk
Suratyň ýagtylygyny sazlaýar.
Kontrast
Ýagtylyk bilen garaňkylygyň arasyndaky tapawudy sazlaýar.
Ýitilik
Suratyň ülňüsini güýçlendirýär ýa-da defokuslaýar.