> Dolandyryş paneli gollanmasy > Düwmeler we funksiýalar

Düwmeler we funksiýalar

Printeriň toguny açýar ýa-da öçürýär.

Tok çyrasynyň sönükdigini barlap, tok şnuruny sogruň.

Tor näsazlygy ýüze çykanda, şu düwmäni basmaklyk näsazlygy ýatyrýar. WPS push düwmesi bilen Wi-Fi awto-gurnawyny ýerine ýetirmek üçin, bu düwmäni bäş sekuntdan köp basyp saklaň.

Printeri torda ulanýarkaňyz duş gelen bolmagyňyz mümkin islendik problemanyň sebäplerini kesgitlemäge mümkinçilik berýän tor birikmesi hasabatyny çap edýär. Eger size has jikme-jik tor sazlamalary we birikme ýagdaýy gerek bolsa, tor ýagdaý listini çap eder ýaly, şu düwmäni azyndan bäş sekunt basyp saklaň.

Häzirki amaly duruzýar.

Çap ediş golowkasyny arassalamagy başlatmak üçin, düwmesi ýanyp-sönüp başlaýança ol düwmäni bäş sekunt basyp saklaň.

Düwme birleşmeleriniň funksiýalary

Düwmeleriň dürli birleşmelerinde goşmaça funksiýalar bar.

+

PIN kod gurnawy (WPS)

PIN kod sazlawyny (WPS) başlatmak üçin, we düwmelerini birlikde basyp saklaň.

+

Wi-Fi Direct (Ýönekeý AP) gurnawy

Wi-Fi Direct (Ýönekeý AP) gurnawyny başlatmak üçin, we düwmelerine birlikde basyp saklaň.

+

Tor hyzmatyny ýap

Epson Connect sazlamalaryny ýapmak üçin, düwmesini basyp saklap, printeri işlediň.

+

Standart tor sazlamalaryny dikelt

Standart tor sazlamalaryny dikeltmek üçin, düwmesini basyp saklap, printeri işlediň. Tor sazlamalary dikeldilende, tor ýagdaýy çyralary gezekleşip ýanyp-sönýär we soňra öçýär.

+

Lüle-barlag şablonyny çap et

Lüle-barlag şablonyny çap etmek üçin, düwmesini basyp saklap printeri işlediň.