Syýany guýmazdan öň aşakdaky görkezmeleri okaň.
Syýa çüýşejiklerini gün şöhlesiniň göni düşmeýän ýerinde goýuň.
Syýa çüýşejiklerini ýokary ýa-da doňak temperaturada saklamaň.
Epson syýa çüýşejigini gabynda görkezilen sene geçmänkä ulanmaklygy maslahat berýär.
Syýa çüýşejigini daşanyňyzda ýa-da saklanyňyzda, ony egmäň we urgulara ýa-da temperatura üýtgemelerine sezewar etmäň.Ýogsam, gapajygy berk ýapylan hem bolsa, syýanyň syzmagy mümkin.Gapajygy dakýarkaňyz çüýşejigi dik saklaň we çüýşejigi daşanyňyzda, meselem, sumka salanyňyzda, syýanyň syzmazlygy üçin çäreleri görüň.
Syýa çüýşejigini sowuk saklanylýan ýerden getireniňizde, ony ulanmazdan öň, azyndan üç sagatlap otag temperaturasynda ýyladyň.
Syýa gutusyny doldurmaga taýýarlanman, syýa çüýşejiginiň gabyny açmaň.Syýa çüýşejigi ygtybarly durar ýaly wakuumly gaplanýar.Eger syýa çüýşejigini uzak wagtlap ulanman, gabyndan çykaryp goýsaňyz, çap edişiň kadaly bolmazlygy mümkin.
Syýa çüýşejigini açanyňyzdan soň, onuň mümkin boldugyça çalt ulanmagyňyzy maslahat berýäris.
Optimal çap ediş üçin, syýany uzak wagtlap pes derejelerde saklamaň.
Optimal çap ediş üçin, syýa gutusyny her ýyl azyndan bir gezek ýokarky çyzyga çenli dolduryň.
Şu printere laýyk gelýän kodly syýa çüýşejiklerini ulanyň.
Bu printeriň syýasyny seresaply götermeli. Syýa gutusyna syýa guýulýarka, syýanyň pürkülmegi mümkin. Egin-eşigiňize ýa-da goşlaryňyza syýa degse, ony aýryp bolmazlygy mümkin.
Syýa çüýşejiklerini gaty erbet çaýkamaň ýa-da gysmaň.
Eger syýa gutusy aşaky çyzykdan pese düşse, uzak eglemän syýa guýuň. Syýa aşaky çyzykdan pese düşen wagty, printeri köp wagtlap ulanmak oňa zeper ýetirip biler.
Çap ediş golowkasynyň optimal öndürijiligini üpjün etmek üçin, syýa gutusyndan biraz syýa alnyp, tehniki hyzmat amallary (mes. çap ediş golowkasynyň arassalanmagy we ş.m.) ýerine ýetirilende hem ulanylýar. Printeriň toguny açanyňyzda hem, syýanyň ulanylmagy mümkindir.
Printeriň ýany bilen berilýän çüýşejikdäki syýanyň bir bölegi ilkinji gurnawda ulanylýar.Çykýan kagyzlaryň ýokary hilli bolmagyny gazanmak üçin, çap ediş golowkasy syýadan doldurylýar.Ol proses bir gezeklik bolup, oňa belli bir möçberde syýa gerek bolýar, şonuň üçin-de, ol çüýşejigiň soňraky goýjak çüýşejikleriňize garanyňda birneme azrak sahypa çap etmekligi mümkindir.
Çap edýän suratlaryňyza, ulanýan kagyz görnüşiňize, çap ediş ýygylygyňyza we daşky gurşaw şertlerine (mes. temperatura) baglylykda, sahypa sanlary üýtgäp biler.