Bu sazlamalary baş ekranda Nusga > Has köp belläp bilersiňiz.
Nusga sanyny giriziň.
ID kartyň iki ýüzünem skanlaýar we kagyzyň bir ýüzüne nusgalaýar.
Çap ediş sazlamalary ekrany görkezilýär. Sazlamalary üýtgetmek üçin, düwmesini basyň.
Nusgalama netijeleri solgun çyksa, dykyzlyk derejesini köpeldiň. Syýa çyrşalsa, dykyzlyk derejesini azaldyň.
Goýan kagyz ölçegiňizi we kagyz görnüşiňizi saýlaň.
Ulaldyş ýa-da kiçeldiş üçin ulaltma gatnaşygyny düzýär. Çap etmek isleýän kagyzyňyza we originala laýyklykda, menýudan ulaltma saýlaň.
Awtomatiki sygdyr:
Skan zolagyny tapýar we saýlan kagyz ölçegiňize sygdyrmak üçin, original awtomatik ulaldýar ýa-da kiçeldýär.
Originaly 25 – 400% aralygynda ulaltmak ýa-da kiçeltmek üçin ulanar ýaly, ulaldyşy görkezýär.
Originalyň ölçegini saýlaň. Standart däl ölçegli originallar nusgalananda, originalyňyza iň ýakyn ölçegi saýlaň.
Nusga ýerleşimini saýlaň.
Ýeke sahypaly
Ýeke ýüzli originaly ýeke liste nusgalaýar.
2-up
Iki sany ýeke ýüzli originaly 2-birlikde ýerleşimli ýeke liste nusgalaýar. Ýerleşim tertibini we originalyň duruş ugruny saýlaň.
Nusgalama hilini saýlaň. Ýokary saýlasaňyz, has ýokary hilli çap edilýär, ýöne tizlik haýallap biler.