> Problemalary çözmek > LCD ekranda näsazlyk kody görkezilýär

LCD ekranda näsazlyk kody görkezilýär

Eger näsazlyk ýüze çyksa ýa-da size ýetirilmeli maglumat bar bolsa, LCD ekranda kod görkezilýär. Eger kod görkezilse, problemany çözmek üçin, aşakdaky çözgütleri berjaý ediň.

Kod

Ýagdaý

Çözgütler

E-01

Printer näsazlygy ýüze çykdy.

Içerki gapagy we skaner bloguny açyp, printeriň içindäki islendik kagyzy ýa-da goraýjy materialy çykaryň. Togy öçürip, täzeden açyň.

E-02

Skaner näsazlygy ýüze çykdy.

Togy öçürip, täzeden açyň.

E-13

Syýa prokladkasy öz hyzmat möhletiniň soňuna ýetdi. Epson Goldawy ýüz tutuň.

Syýa prokladkasyny* çalşyrmaly. Syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň. Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir.

Syýa prokladkasy hyzmat ömrüniň soňuna ýeten bolsa, onda ony arassalamagy ýerine ýetirip bolmaýar. Çap edişi ýerine ýetirip bolýar, ýöne çykýan kagyzlaryň hilini kepillendirip bolmaýar.

W-01

Kagyz dykyldy.

Näsazlygy düzetmek üçin, kagyzy printerden aýryň we LCD ekranyň aşagynda görkezilýän düwmäni basyň. Käbir ýagdaýlarda, togy öçürip, täzeden açmaly bolýar.

W-15

Syýa prokladkasy öz hyzmat möhletiniň soňuna ýakynlaşýar. Epson Goldawy ýüz tutuň.

Syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň. Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir.

Kompýuterde görkezilýän haty barlaň we LCD ekranyň aşagynda görkezilýän düwmäni basyp, näsazlygy arassalaň.

Syýa prokladkasy hyzmat ömrüniň soňuna ýeten bolsa, onda ony arassalamagy ýerine ýetirip bolmaýar. Çap edişi ýerine ýetirip bolýar, ýöne çykýan kagyzlaryň hilini kepillendirip bolmaýar.

I-22

Düwmäni (WPS) basyň-dan Wi-Fi belläň.

Giriş nokady düwmesini basyň. Eger giriş nokadynda düwme ýok bolsa, giriş nokady sazlamasy penjiresini açyp, programma üpjünçiliginde görkezilýän düwmäni basyň.

I-23

PIN şertli belligi (WPS)-dan Wi-Fi belläň.

LCD ekranda görkezilýän PIN kody iki minutyň dowamynda giriş nokadyna ýa-da kompýutere giriziň.

I-31

Wi-Fi Awto Baglan-dan Wi-Fi belläň.

Wi-Fi gurnawy başlanda, programma üpjünçiligini kompýutere gurnap, OK düwmesini basyň.

I-41

Kgz Grnwnň Awt-Dsplýi ýapyk. Käbir funksiýalary ulanyp bolmaýar.

Kgz Grnwnň Awt-Dsplýi ýapyk bolsa, AirPrint ulanyp bilmersiňiz.

I-60

Kompýuteriňiz WSD (enjamlar üçin web-hyzmatlar) goldaman biler.

Kompýutere skanla (WSD) aýratynlygy diňe iňlisçe Windows 10, Windows 8.1, Windows 8, Windows 7 ýa-da Windows Vista gurnalgy kompýuterler üçin elýeterlidir. Printeriň kompýutere dogry birigendigini anyklaň.

I-71

Printer originalyň skaner aýnasyna goýulmagyna garaşýar.

Originaly (ID karty) skaner aýnasynda öň ýüzüni aşak edip ýerleşdiriň we soňra resminama gapagyny ýapyň. Skanlap başlamak üçin, düwmesini basyň.

Originaly (ID karty) skaner aýnasynda arka ýüzüni aşak edip ýerleşdiriň we soňra resminama gapagyny ýapyň. Nusgalap başlamak üçin, düwmesini basyň.

-

Togy öçüriň we täzeden açyň. Problema dowam etse, Epson Goldawy ýüz tutuň.

Aşakdaky çözgütleri synap görüň.

1. Printeriň toguny öçürip, täzeden açyň.

2. Wi-Fi birikmesi ulanýan bolsaňyz, simsiz ruteri öçürip, täzeden açyň.

Eger şonda-da näsazlyk haty görkezilse, näsazlyk koduny belläp, Epson goldawyna ýüz tutuň.

Recovery Mode

Printer dikeldiş tertibinde başladyldy, sebäbi proşiwkany täzeläp bolmady.

Proşiwkany täzelemäge gaýtadan synanyşmak üçin, aşakdaky ädimleri berjaý ediň.

1. Kompýuter bilen printeri USB kabeli arkaly birikdiriň. (Dikeldiş tertibinde proşiwkany tor birikmesiniň üsti bilen täzeläp bolmaýar.)

2. Goşmaça görkezmeler üçin, ýerli Epson websaýtyňyza serediň.

* Käbir çap ediş döwrelerinde, syýa prokladkasynda ujypsyzja artykmaç syýa ýygnalmagy mümkin. Tehniki hyzmat gutusyny ulanmakdan başga-da, bu syýa prokladkasy printer ulanylýarka çykýan zaýalanan syýany özüne siňdirýär. Prokladka öz hyzmat ömrüniň soňuna ýetende, ol çalşyrylýança arassalaýyş ýerine ýetirip bolmaýar. Onuň zerurlyk ýagdaýy çap edýän sahypa sanyňyza, çap edýän materialyňyza we printeriň ýerine ýetirýän arassalaýyş döwresiniň sanyna baglylykda üýtgär. Prokladkany çalşyrmak zerurlygynyň ýüze çykmagy printeriň öz häsiýetnamasyna laýyklykda işlemegini bes edendigini aňlatmaýar. Printer size prokladkany haçan çalşyrmalydygyny aýdar, ony bolsa, diňe ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisi ýerine ýetirip bilýär. Epson-yň kepilligi ony çalşyrmagyň çykdajysyny öz içine almaýar.