> Kagyz goýmak > Kagyz ölçegi we görnüşi sazlamalary

Kagyz ölçegi we görnüşi sazlamalary

Kagyz kassetasyny girizen wagtyňyz görkezilýän ekranda kagyz ölçegini we görnüşini barlap ýa-da üýtgedip bilersiňiz. Kagyzyň ölçegini we görnüşini bellige alan bolsaňyz, printer bellige alnan maglumat bilen çap ediş sazlamalary başgaça bolanda habar berýär. Ol kagyzyň we syýanyň isrip edilmegine ýol bermän, kagyz görnüşine deň gelmeýän sazlamalar sebäpli ýalňyş kagyz ölçegine ýa-da ýaramaz çap ediş hilinde çap etmegiňiziň öňüni alýar.

Eger görkezilýän kagyz ölçegi we görnüşi goýlan kagyzdan başgaça bolsa, üýtgetmeler etmek üçin, Üýtgetmek saýlaň. Kagyz ölçegini we kagyz görnüşini saýlap, sazlamalary barlaň we OK düwmesini basyň. Sazlamalar goýulgy kagyza deň gelýän bolsa, Tassykla saýlaň.

Bellik:

Kagyz kassetasyny girizen wagtyňyz, kagyz sazlamasy ekranynyň awtomatik görkezilmegini islemeseňiz, öý ekranda Sazlamalar > Printeri gurnamak > Giriş Kagyz Sazlamalary > Kgz Grnwnň Awt-Dsplýi saýlap, Öçürilen saýlaň.