Güýçli arassalaýyş işletmek

Güýçli arassalaýyş aýratynlygy aşakdaky ýagdaýlarda çap ediş hilini gowulandyryp biler.

  • Köp lüleler dykylanda.

  • 3 gezek lüle-barlag we golowka arassalaýyş geçirilende hem-de azyndan 6 sagat çap etmän garaşylyp, çap edişiň hili gowulanmadyk ýagdaýynda.

Şu aýratynlygy ulanmazdan öň, lüle-barlag funksiýasyny ulanyp, lüleleriň dykylmandygyny barlaň we aşakdaky görkezmeleri okap, Güýçli arassalaýyş işlediň.

Möhüm:

Syýa gutusynda ýeterlik syýa bardygyny anyklaň.

Syýa gutusynda azyndan üçden bir möçberde syýa bardygyny göz bilen barlaň. Güýçli arassalaýyş geçirilýärkä syýa derejeleriniň pes bolmagy önüme zeper ýetirip biler.

Möhüm:

Her Güýçli arassalaýyş arasynda 12 sagatlyk interwal gerek.

Aslynda, ýeke Güýçli arassalaýyş çap ediş hilini 12 sagadyň dowamynda çözmeli.Şol sebäpli, syýany biderek ulanmazlyk üçin, 12 sagat garaşyp, soň synanyşyp görüň.

Möhüm:

Bu funksiýa syýa prokladkalarynyň möhletine täsir edýär.Şu funksiýa işledilende, syýa prokladkalary öz möhletini çalt gutarýar.Eger syýa prokladkalar öz hyzmat ömrüni gutarsa, täzesini soramak üçin, Epson Goldawa ýüz tutuň.

Bellik:

Syýa derejeleri Güýçli arassalaýyş üçin ýeterlik däl bolsa, bu funksiýany işledip bilmersiňiz.Hatda şeýle ýagdaýda-da, çap etmek üçin syýa derejeleri galan bolup biler.