> Problemalary çözmek > LCD ekranda näsazlyk kody görkezilýär

LCD ekranda näsazlyk kody görkezilýär

Eger näsazlyk ýüze çyksa ýa-da size ýetirilmeli maglumat bar bolsa, LCD ekranda kod görkezilýär.

Kod

Ýagdaý

Çözgütler

E-01

Printer näsazlygy ýüze çykdy.

Skaner bloguny açyp, printeriň içindäki islendik kagyzy ýa-da goraýjy materialy çykaryň. Togy öçürip, täzeden açyň.

E-02

Skaner näsazlygy ýüze çykdy.

Togy öçürip, täzeden açyň.

E-11

Syýa prokladkasyny çalşyrmaly.

Syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň*. Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir.

Emma, skanlama ýaly çap ediş däl aýratynlyklar elýeterlidir.

W-01

Kagyz dykyldy.

Näsazlygy düzetmek üçin, kagyzy printerden aýryň we LCD ekranyň aşagynda görkezilýän düwmäni basyň. Käbir ýagdaýlarda, togy öçürip, täzeden açmaly bolýar.

W-11

Syýa prokladkasynyň möhleti gutaryp barýar.

Syýa prokladkasyny çalşyrmak üçin, Epson-a ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň*. Ony çalşyrmaklygy ulanyjynyň özi ýerine ýetirmeli däldir. Syýa prokladkasy çalşyrylýança hat görkezilip durar.

Çap etmäge dowam etmek üçin, düwmesini basyň.

I-22

Düwmäni (WPS) basyň-dan Wi-Fi belläň.

Giriş nokady düwmesini basyň. Eger giriş nokadynda düwme ýok bolsa, giriş nokady sazlamasy penjiresini açyp, programma üpjünçiliginde görkezilýän düwmäni basyň.

I-23

PIN şertli belligi (WPS)-dan Wi-Fi belläň.

LCD ekranda görkezilýän PIN kody iki minutyň dowamynda giriş nokadyna ýa-da kompýutere giriziň.

I-31

Wi-Fi Awto Baglan-dan Wi-Fi belläň.

Wi-Fi gurnawy başlanda, programma üpjünçiligini kompýutere gurnap, OK düwmesini basyň.

I-41

Kgz Grnwnň Awt-Dsplýi ýapyk. Käbir funksiýalary ulanyp bolmaýar.

Kgz Grnwnň Awt-Dsplýi ýapyk bolsa, AirPrint ulanyp bilmersiňiz.

I-60

Kompýuteriňiz WSD (enjamlar üçin web-hyzmatlar) goldaman biler.

Kompýutere skanla (WSD) aýratynlygy diňe iňlisçe Windows 10, Windows 8.1, Windows 8, Windows 7 ýa-da Windows Vista gurnalgy kompýuterler üçin elýeterlidir. Printeriň kompýutere dogry birigendigini anyklaň.

Recovery Mode

Update Firmware

Printer dikeldiş tertibinde başladyldy, sebäbi proşiwkany täzeläp bolmady.

Proşiwkany täzelemäge gaýtadan synanyşmak üçin, aşakdaky ädimleri berjaý ediň.

1. Kompýuter bilen printeri USB kabeli arkaly birikdiriň.

2. Goşmaça görkezmeler üçin, ýerli Epson websaýtyňyza serediň.