Printerdäki slotlara zat dykmaň.
Çap edilýärkä, printeriň içine eliňizi salmaň.
Printeriň içindäki ak ýasy şleýfi ellemäň.
Ýanýan gazly aerozol önümlerini printeriň içinde ýa-da ýanynda ulanmaň. Ol ýangynyň döremegine eltip biler.
Eger şeýle görkezilmedik bolsa, çap ediş golowkasyny el bilen süýşürmäň; ýogsam, printere zeper ýetirmegiňiz mümkin.
Skaner bloguny ýapanyňyzda barmagyňyzy gapjadaýmaň.
Originallary goýanyňyzda, skanner aýnasyna gaty basmaň.
Eger syýa gutusy aşaky çyzykdan pese düşse, uzak eglemän syýa guýuň.Gutudaky syýa aşaky çyzykdan pese düşen wagty, printeri yzygiderli ulanmaklyk oňa zeper ýetirip biler.
Printeri hemişe
düwmesiniň kömegi bilen ýapyň.
çyrasy ýanyp sönmegini goýýança, printeri tokdan sogurmaň ýa-da tok bloguny öçürmäň.
Eger printeri uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, onda tok şnuruny hökman elektrik rozetkasyndan aýryň.