Mac OS X ulanyp printer goşmak

Printeriňiz eýýäm Printerler we skanerler-de (ýa-da Çap et we skanirle, Çap et we faksla) görkezilýän bolsa, printeriňizi saýlaň we ýoklamak üçin, düwmesine basyň. Printer draýwerini we faks draýwerini (faks funksiýasy bar modeller üçin) aşakdaky görkezmelere laýyklykda goşuň.

  1. menýu > Ulgam ileri tutmalary > Printerler we skanerler-i (ýa-da Çap et we skanirle, Çap et we faksla) saýlaň.

  2. + düwmesine basyň.

  3. Printer ýa-da skaner goş-y saýlaň.

  4. Sanawdan Epson printeriňizi saýlaň.

  5. Printeriňiziň adyny göterýän draýweri saýlaň.

    Dogrusyny saýlandygyňyza göz ýetirmek üçin, aşakdaky tablisany barlaň.

    Birikme usuly

    Printer draýweri

    Faks draýweri

    USB

    EPSON XXXXX

    FAX XXXXX (USB)

    Tor

    EPSON XXXXX

    EPSON XXXXX -YYYYYY

    FAX EPSON XXXXX (IP)

    FAX EPSON XXXXX -YYYYYY (IP)

    FAX ZZZ.ZZZ.ZZZ.ZZZ (IP)

    * XXXXX = önümiň ady. YYYYYY = MAC salgysy 6 belgili. ZZZ.ZZZ.ZZZ.ZZZ = IP salgysy.

  6. Goş-a basyň.

    Bellik:

    Draýweri(leri) bir gezek goşanyňyzdan soň, birikme usulyny üýtgetmeseňiz ýa-da başga önüm ulanmasaňyz, olary ýene goşmak gerek däl. Önümiň açykdygyna we USB ýa-da tor birikmesi arkaly kompýuteriňize talabalaýyk dakylandygyna göz ýetiriň. Faks draýwerini gözlemek biraz wagt alyp biler. Faks draýweri sanawda görkezilýänçä garaşyň, soňra şol bir tertibi ulanyp, faks draýwerini goşuň.