Ping buýrugy bilen birikmäni barlamak — Windows

Kompýuyeriň printere birigendigini anyklamak üçin, Ping buýrugyny ulanyp bilersiňiz.Birikmäni Ping buýrugy arkaly barlamak üçin, aşakdaky ädimleri berjaý ediň.

  1. Barlamak isleýän birikmäňiz üçin printeriň IP salgysyny barlaň.

    Ony printeriň dolandyryş panelindäki Tor ýagdaýy ekranyndan, birikme hasabatyndan ýa-da tor ýagdaýy listiniň IP Address sütüninden barlap bilersiňiz.

  2. Kompýuteriň buýruk soragy ekranyny görkeziň.

    • Windows 10
      Başlat düwmesine sag basyň ýa-da ony basyp saklaň we Buýruk soragy saýlaň.
    • Windows 8.1/Windows 8
      Programma ekranyny görkezip, Buýruk soragy saýlaň.
    • Windows 7 ýa-da irkisi
      Başlat düwmesine basyp, Ähli programmalar ýa-da Programmalar > Esbaplar > Buýruk soragy saýlaň.
  3. "ping xxx.xxx.xxx.xxx" girizip, Enter düwmesine basyň.

    xxx.xxx.xxx.xxx üçin printeriň IP salgysyny giriziň.

  4. Aragatnaşyk ýagdaýyny barlaň.

    Eger printer bilen kompýuter aragatnaşyk saklaýan bolsa, şu aşakdaky habar görkeziler.

    Eger printer bilen kompýuter aragatnaşyk saklamaýan bolsa, şu aşakdaky habar görkeziler.