Kompýuteriň skanere birigendigini anyklamak üçin, Ping buýrugyny ulanyp bilersiňiz. Ping buýrugyny ulanyp birikmäni barlamak üçin, aşakdaky ädimleri berjaý ediň.
Barlamak isleýän birikmäňiz üçin skaneriň IP salgysyny barlaň.
Muny Epson Scan 2-ni ulanyp barlap bilersiňiz.
Tor kömekçisini işlediň.
Spotlight-da “Network Utility” (Tor kömekçisi) giriziň.
Ping salmasyna basyp, 1-nji ädimde barlan IP salgyňyzy giriziň we Ping-e basyň.

Aragatnaşyk ýagdaýyny barlaň.
Eger skaner bilen kompýuter aragatnaşyk saklaýan bolsa, şu aşakdaky habar görkeziler.

Eger skaner bilen kompýuter aragatnaşyk saklamaýan bolsa, şu aşakdaky habar görkeziler.
