> Skanirlemek > Originallary ýat enjamyna skanlamak > Ýat enjamyna skanlamak üçin esasy menýu opsiýalary

Ýat enjamyna skanlamak üçin esasy menýu opsiýalary

Bellik:

Bellän başga sazlamalaryňyza baglylykda, käbir zatlar elýeterli bolman biler.

Ak-Gara/Reňk

Monohrom ýa-da reňkli skanlamalymy saýlaň.

Faýl Formaty:

Skanlanan suraty ýazdyrmaly formaty saýlaň.

Faýl formaty edip PDF, PDF/A ýa-da TIFF saýlasaňyz, ähli originallary ýeke faýl (köp-sahypaly) edip ýazdyrmalymy ýa-da her originaly aýratyn (ýeke sahypa) ýazdyrmalymy saýlaň.

  • Gysyş Derejesi:

    Skanlanan suraty näçe gysmalydygyny saýlaň.

  • PDF Sazlamalary:

    Ýazdyryş format sazlamasy hökmünde PDF saýlan bolsaňyz, bu sazlamalary PDF faýllaryny goramak üçin ulanyň.

    Açylanda parol soraýan PDF faýlyny döretmek üçin, Resminama açýan parol belläň. Çap edilende ýa-da redaktirlenende parol soraýan PDF faýlyny döretmek üçin, Ygtyýarlyklar Açarsözi belläň.

Çözgüt:

Skan çözgüdini saýlaň.

2-Taraplaýyn:
Bellik:

Bu aýratynlyk diňe WF-4830 Series / WF-C4810 Series üçin elýeterlidir.

Originalyň iki ýüzünem skanlaň.

  • Ugrukdyryş (Original):

    Originalyň duruş ugruny saýlaň.

  • Çatyş gyrasy(Original kagyz):

    Originalyň çatyş ugruny saýlaň.

Skan meýdany:

Skan zolagyny saýlaň. Skanlamada tekstiň ýa-da suratyň töweregindäki ak ýeri kesmek üçin, Awtomatiki Kesme saýlaň. Skaner aýnasynyň maksimum zolagynda skanlamak üçin, Iň Uly Meýdan saýlaň.

  • Ugrukdyryş (Original):

    Originalyň duruş ugruny saýlaň.

Orig. görnüşi:

Originalyň görnüşini saýlaň.

Ugrukdyryş (Original):
Bellik:

Bu aýratynlykda Esasy Sazlamalar tabynda elýeterlidir (WF-4820 Series üçin).

Originalyň duruş ugruny saýlaň.