> Dolandyryş paneli gollanmasy > Öý ekran düzülişi

Öý ekran düzülişi

Syýanyň takmynan derejesini we tehniki hyzmat gutusynyň takmynan hyzmat ömrüni barlap bilersiňiz.

Tor birikmesi ýagdaýyny görkezýär. Goşmaça jikme-jiklik üçin, aşakdakylara serediň.

Tor şekiljigi üçin gollanma

Printer üçin Sessiz Reje bellenendigini görkezýär. Bu aýratynlyk işledilse, printer amallarynyň sesi peselýär, ýöne çap ediş tizligi haýallap biler. Emma, saýlanan kagyz görnüşine we çap ediş hiline baglylykda, sesleri peseldip bolmazlygy mümkin. Sazlamany üýtgetmek üçin saýlaň. Bu sazlamany Sazlamalar menýusynda hem belläp bilersiňiz.

Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Printer Sazlamalary > Sessiz Reje

Kömek ekranyny görkezýär. Işlediş görkezmelerini ýa-da problemalara çözgütleri görüp bilersiňiz.

Her menýuny görkezýär.

  • Gizlin Wezipe

    Printeriň draýwerinden iberilen parol-goragly işi çap etmäge mümkinçilik berýär.

  • Hyzmat ediş

    Lüle-barlag şablonyny çap edip we golowka arassalamagy ýerine ýetirip, dykylan lüleleri açmak, şeýle hem, çap ediş golowkasyny deňläp, çykýan kagyzlardaky bulanyklygy ýa-da zolaklary aradan aýyrmak ýaly, çykýan kagyzlaryň hilini gowulandyrmak üçin maslahat berilýän menýulary görkezýär. Bu sazlamalary Sazlamalar menýusynda hem belläp bilersiňiz.

    Sazlamalar > Hyzmat ediş

  • Sazlamalar

    Tehniki hyzmat, printer sazlamalary we amallary bilen baglanyşykly sazlamalary bellemäge mümkinçilik berýär.

  • Wi-Fi

    Printeri simsiz torda ulanar ýaly sazlamaga mümkinçilik berýän menýulary görkezýär. Bu sazlamany Sazlamalar menýusynda hem belläp bilersiňiz.

    Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Tor Sazlamalary > Wi-Fi Gurnama

Ekrany saga süýşürýär.