Çap ediş golowkasynyň lüleleriniň dykylanmy-dälmi barlamak üçin, lüle-barlag şablonyny çap edýär.
Çap ediş golowkasynyň dykylan lülelerini arassalaýar. Bu aýratynlyk biraz syýa ulanýandygy sebäpli, çap ediş golowkasyny diňe käbir lüleler dykylanda arassalaň. Lüle-barlag şablonyny çap edip, Arassalaýyş saýlaň.
Job Arranger Lite penjiresini açýar. Şu ýerden öňki ýazdyrylan maglumaty açyp we redaktirläp bilersiňiz.
EPSON Status Monitor 3 penjiresini açýar. Şu ýerden printeriň we sarp ediş materiallarynyň ýagdaýyny tassyklap bilersiňiz.
EPSON Status Monitor 3 penjiresindäki zatlar üçin sazlamalary bellemäge mümkinçilik berýär.
Dürli sazlamalary bellemäge mümkinçilik berýär. Goşmaça jikme-jiklik üçin, Ýardam görer ýaly, her zada sag basyň.
Çap edilmäge garaşýan işleri görkezýär. Çap ediş işlerini barlap, sägindirip ýa-da dowam etdirip bilersiňiz.
Printer draýweri penjiresinde ulanyljak dili üýtgedýär. Sazlamalary ulanmak üçin, printer draýwerini ýapyp, gaýtadan açyň.
Internetden programmalaryň in täze wersiýalaryny barlamak üçin, EPSON Software Updater başladýar.