> Faks > Printer arkaly faks ibermek

Printer arkaly faks ibermek

Alyjylaryň faks belgilerini printeriň dolandyryş panelinde girizmek bilen, fakslary iberip bilersiňiz.

Bellik:

Monohromda faks iberilende, skanlanan suraty ibermezden öň LCD ekranda synlap bilersiňiz.

  1. Originallary ýerleşdiriň.

    Bir geçirişde 100 sahypa iberip bilersiňiz; ýöne, ýadyň boş duran bölegine baglylykda, 100 sahypadan az faksy hem iberip bilmezligiňiz mümkin.

    Originallary ýerleşdirmek

  2. Printeriň dolandyryş panelinde Faks saýlaň.

  3. Alyjyny görkeziň.

    Alyjylary saýlamak

  4. Faks Sazlamalary tabyny saýlap, gerekli sazlamalary belläň.

    Faks Sazlamalary

  5. Faksy ibermek üçin, basyň.

    Bellik:
    • Faks belgisi meşgul bolsa ýa-da problemalar ýüze çyksa, bir minut geçensoň, printer belgini awtomatik aýlaýar.

    • Iberişi ýatyrmak üçin, basyň.

    • Reňkli faks ibermek köp wagt alýar, sebäbi printer skanlamak we ibermek işini birlikde ýerine ýetirýär. Printer reňkli faks iberýärkä, başga aýratynlyklary ulanyp bilmersiňiz.