Çap ediş hilini sazlamak

Eger dik çyzyklaryň deň düşmeýänini, suratlaryň bulanyk çykýanyny ýa-da kese zolaklary görseňiz, çap ediş hilini sazlaň.

  1. Printeriň dolandyryş panelinde Hyzmat ediş saýlaň.

  2. Çap ediş hilini sazlamak saýlaň.

  3. Kagyz goýmak we lüle-barlag şablonyny çap etmek üçin, ekrandaky görkezmeleri berjaý ediň.

  4. Çap edilen şablony gözden geçiriň.

    • Eger «NG» şablonyndaky ýaly üzülen çyzyklar ýa-da çykmadyk ýerler bar bolsa, onda çap ediş golowkasynyň lüleleriniň dykylan bolmagy mümkin. Çap ediş golowkasyny arassalamak üçin, saýlaň.
    • Eger aşakdaky «OK» şablonynda bolşy ýaly, üzülen çyzyklar ýa-da çykmadyk ýerler ýok bolsa, onda lüleler dykylan däldir. Indiki sazlamaga dowam etmek üçin, saýlaň.
  5. Çap ediş golowkasyny deňlemek üçin şablonlary çap eder ýaly, ekrandaky görkezmeleri berjaý ediň we çap ediş golowkasyny deňläň.

    • Çykýan kagyzlar bulanyk görünse, bu şablon deňleme geçirmäge mümkinçilik berýär.
      Iň bitewi şablonyň belgisini tapyp saýlaň.
    • Dik lineýka çyzyklary gyşarsa, bu şablon deňleme geçirmäge mümkinçilik berýär.
      Iň az möçberde deň düşmeýän dik çyzyk bar bolan şablonyň belgisini tapyp saýlaň.
    • Yzygider kese zolaklar görseňiz, bu şablon deňleme geçirmäge mümkinçilik berýär.
      Iň az aralykly we üst-üste düşýän şablonyň belgisini tapyp saýlaň.