Adatça Ak-Gara ýa-da Reňk bilen çap etjek bolsaňyz, reňk sazlamasyny saýlaň. Ýazdrlndky sazlmlar ammara ýazdyrmak üçin eden sazlamalaryňyzy ulanýar.
Çap etmek isleýän kagyz çeşmesi sazlamalaryňyzy görkeziň.
Ulaldyş ýa-da kiçeldiş ölçeg gatnaşygyny düzýär. Bahany basyň we ulaldyşy 25–400 % aralygynda görkeziň.
Ýazdrlndky sazlmlar
Ammara ýazdyrmak üçin eden sazlamalaryňyzy ulanýar.
Awto
Saýlan kagyz ölçegiňize sygdyrmak üçin, maglumaty awtomatik ulaldýar ýa-da kiçeldýär.
Kagyza laýyk kiçelt
Kagyz ölçegine sygar ýaly, maglumaty Kiçeltmek/Ulaltmak bahasyndan kiçi ölçegde çap edýär. Eger Kiçeltmek/Ulaltmak bahasy kagyz ölçeginden uly bolsa, maglumat kagyzyň gyralaryndan daşyna çap edilip biler.
Hak.Ölçeg
100 % ulaldyş bilen çap edýär.
A3→A4 we beýlekiler
Belli bir kagyz ölçegine sygdyrmak üçin, maglumaty awtomatik ulaldýar ýa-da kiçeldýär.
2-ýüzli ýerleşimi saýlaň.
2-Taraplaýyn
2-ýüzli çap etmelimi-dälmi saýlaň.
Jiltleme
2-ýüzli çap ediş üçin çatyş ornuny saýlaň.
Çap ediş ýerleşimini saýlaň.
Ýeke sahypaly
Ýeke ýüzli maglumaty ýeke liste çap edýär.
2-up
Iki sany ýeke ýüzli maglumaty 2-birlikde ýerleşimli ýeke liste çap edýär. Ýerleşim yzygiderligini saýlaň.
4-up
Dört sany ýeke ýüzli maglumaty 4-birlikde ýerleşimli ýeke liste çap edýär. Ýerleşim yzygiderligini saýlaň.
Tamamlanýan
Köp-sahypaly resminamalary komplektläp we toplumlara sortlap çap etmek üçin, Deňeşdirmek (Sahypa tertibi) saýlaň. Şol bir sanda sahypalary topar hökmünde almak arkaly, köp-sahypaly resminamalary çap etmek üçin, Topar (birmeňzeş sahypalar) saýlaň.
Kagyz Çykarmak
Eger Aýla (sortirlemek) saýlasaňyz, dik we kese görnüşde gezekleşdirip çap edip bilersiňiz.
Çykýan kagyzlardan kitapça döretmek isleseňiz, şu sazlamalary görkeziň.
Kitapça
Çykýan kagyzlardan kitapça döretmäge mümkinçilik berýär.
Jiltleme
Kitapçanyň çatyş ornuny saýlaň.
Jiltleme çägi
Çatyş çetini görkeziň. Çatyş çeti hökmünde 1 mm artyşlar bilen 0–50 mm belläp bilersiňiz.
Sahap
Kitapça sahaplary goşmaga mümkinçilik berýär.
Kagyz Sazlamasy
Sahaplar üçin kagyz goýan kagyz çeşmäňizi saýlaň.
Öňdäki gapak
Öňdäki sahap üçin çap ediş sazlamalaryny görkeziň. Eger öňdäki sahaba çap etmek islemeseňiz, Çap etme saýlaň.
Yzky sahap
Yzky sahap üçin çap ediş sazlamalaryny görkeziň. Eger yzky sahaba çap etmek islemeseňiz, Çap etme saýlaň.