Timarlaýjy gurnalanda, printeriň dolandyryş panelinde aşakdaky menýu görkezilýär.
Aýratynlyk atlary we sazlama menýusy zatlary proşiwkanyň wersiýasyna baglylykda üýtgäp biler.
Iş Bölünişik
Işler arkaly aýra düşen nusgalary çykarmak üçin, Açyk saýlaň.
Stepler bolanda deňle
Stepler öndürijiligini gowulandyrmak üçin, kagyzyň deň düşmezligini azaldyň. Ýöne, ol çap ediş tizligini haýalladyp biler.
Stepler bolmanda deňle
Kagyzyň deň düşmezligini azaldyň. Ýöne, ol çap ediş tizligini haýalladyp biler.
Epleýji we ortadan çatyş bolanda deňle
Nusgalaryň her toplumyny dogry orunda eplemek ýa-da ortadan çatmak üçin, kagyzyň deň düşmezligini azaldyň. Ýöne, ol çap ediş tizligini haýalladyp biler.
Şu opsiýa diňe kitapça timarlaýjy gurnalanda görkezilýär.
Diňe stepler timarlaýjy ýa-da kitap timarlaýjy gurnalgy wagty şu menýular görkezilýär.
Üst-üste kagyzyň hereketli detala galtaşmagyndan gaça duruň
Resminamalary çykarylgy resminamalar bilen galtaşmaz ýaly edip çykarmak üçin, timarlaýjy lotogyny peseldiň. Ýöne, ol çap ediş tizligini haýalladyp biler.
Maksimum üst-üste anyklama nokadyny üýtget
Timarlaýjy lotogynda anyklanylan doly listleriň sanyny 4000 däl-de, 1500 edip üýtgediň.
Diňe stepler timarlaýjy-P2 gurnalgy wagty şu menýular görkezilýär. Panel gulpy işledilende, şu sazlamalary diňe administrator belläp bilýär.
Sessiz Tertip
Eger kagyz çykarylýarka ol gaty ses çykarýan bolsa, bu tertibi Açmak edip belläň. Ýöne, ol çap ediş tizligini haýalladyp biler.
Şeýle hem, çap ediş dykyzlygy ýokary bolsa, geçirme sortlamasy ýa-da steplerlemek ýerine ýetirilýän bolsa, printer kagyzy awtomatik deňleýär we kagyz çykarylýarka gohuň derejesini peseldip bilmän biler.
Şu sazlama işledilende, çykarylýan kagyzy deňemegiň takyklygy azalar.
Üst-üste kagyzyň hereketli detala galtaşmagyndan gaça duruň
Resminamalary çykarylgy resminamalar bilen galtaşmaz ýaly edip çykarmak üçin, timarlaýjy lotogyny peseldiň. Ýöne, ol çap ediş tizligini haýalladyp biler.
Maksimum üst-üste anyklama nokadyny üýtget
Timarlaýjy lotogynda anyklanylan doly listleriň sanyny 4000 däl-de, 1500 edip üýtgediň.
Kagyz eltişi sazlamak
Ýokary çap ediş dykyzlygynda çap edýärkäňiz, timarlaýjyny ulanmak arkaly kagyzyň deň düşmezligini azaldyň.
Kagyz çykaryş wentilýatory
Kagyzyň deň düşmezligini ýa-da kagyz dykylmagynyň sebäplerini azaldyň. Eger kagyzy çykaryp bolmasa we kagyzlar dykylmaga dowam etse, onda şu sazlamany işletmek arkaly bu problemany çözüp bilmegiňiz mümkin. Bu sazlamany üýtgedýän wagtyňyz, Epson goldawyna ýa-da ygtyýarly Epson hyzmat üpjün edijisine ýüz tutuň.