> Ammary ulanmak > Ammardaky faýllary ýazdyrmak > Ammardaky faýllary tor bukjasyna ýa-da bulut hyzmatlaryna ýazdyrmak (Ätiýaçlamak)

Ammardaky faýllary tor bukjasyna ýa-da bulut hyzmatlaryna ýazdyrmak (Ätiýaçlamak)

Ammardaky faýllary tor bukjasyna ýa-da bulut hyzmatlaryna ätiýaçlama hökmünde ýazdyrmagy maslahat berýäris.

Ýazdyryp bilmek üçin, siz tor bukjasy ýa-da Epson Connect sazlamaly.

Torda paýlaşylýan bukja döredilende, şulara serediň.

Paýlaşylýan bukjany döretmek

Goşmaça maglumat üçin, şu aşakdaky Epson Connect portal websaýtyna serediň.

https://www.epsonconnect.com/

http://www.epsonconnect.eu (diňe Ýewropa üçin)

  1. Printeriň dolandyryş panelinde Ammar saýlaň.

  2. Tor bukjasyna ýa-da bulut hyzmatyna ýazdyrmak isleýän faýlyňyz bar bolan bukjany saýlap, saýlaň.

  3. Bir faýl saýlaň.

  4. Iber/Ýazdyr saýlaň.

  5. Ammardan tor bkjsna/FTP ýa-da Ammardan buluda saýlaň.

  6. Barylmaly ýeri görkeziň.

    Bellik:

    Tor bukjasyna ýazdyran wagtyňyz, bukjanyň ýoluny aşakdaky formatda giriziň.

    • SMB ulanylanda: \\host ady \bukja ady

    • FTP ulanylanda: ftp://host ady/bukja ady

    • FTPS ulanylanda: ftps://host ady/bukja ady

    • WebDAV (HTTPS) ulanylanda: https://host ady/bukja ady

    • WebDAV (HTTP) ulanylanda: http://host ady/bukja ady

  7. Gerek bolsa, ýazdyryş sazlamalaryny belläň.

    Iber/Ýazdyr üçin menýu opsiýalary

  8. basyň.