IP salgysyny bellemek

Host salgysy, Kiçi tor Maskasy we Standart şlýuz ýaly esasy zatlary sazlaň.

Bu bölüm statik IP salgysyny bellemegiň prosedurasyny düşündirýär.

  1. Printeri açyň.

  2. Printeriň dolandyryş panelinde öý ekranda Sazlamalar saýlaň.

  3. Umumy Sazlamalar > Tor Sazlamalary > Giňişleýin > TCP/IP saýlaň.

  4. El bilen saýlaň (IP Salgyny Almak üçin).

    Ruteriň DHCP funksiýasy arkaly IP salgysyny awtomatik bellän wagtyňyz, Awto saýlaň. Şeýle bolanda, 5 – 6-njy ädimlerde hem IP Salgysy, Kiçi tor Maskasy, we Standart şlýuz awtomatik bellenilýär, şonuň üçin, ädim 7-ä baryň.

  5. IP salgysyny giriziň.

    IP salgysyny girizen wagtyňyz, aşakdaky mysalda görkezilişi ýaly, üç sifr edip nollary (0) giriziň.

    Meselem:

    • Eger IP salgysy 192.0.2.111 bolsa, 192.000.002.111 giriziň.
    • Eger IP salgysy 192.0.12.10 bolsa, 192.000.012.010 giriziň.

    Öňki ekranda görkezilen bahany tassyklaň. IP salgysy girizilensoň, üç sifr edip girizen nollaryňyz aýrylýar.

  6. Kiçi tor Maskasy we Standart şlýuz sazlaň.

    Öňki ekranda görkezilen bahany tassyklaň.

    Möhüm:

    IP Salgysy, Kiçi tor Maskasy we Standart şlýuz kombinasiýasy dogry bolmasa, Gurnawy başlatmak işjeň bolmaýar we sazlamalara dowam edip bilmeýär. Girizmede näsazlyk ýokdugyny tassyklaň.

  7. Esasy DNS serweriniň IP salgysyny giriziň.

    Öňki ekranda görkezilen bahany tassyklaň.

    Bellik:

    IP salgysy belleme sazlamalarynda Awto saýlasaňyz, DNS serwer sazlamalaryny El bilen ýa-da Awto edip saýlap bilersiňiz. Eger DNS serwer salgysyny awtomatik alyp bilmeseňiz, El bilen saýlap, DNS serwer salgysyny giriziň. Soňra, göni goşmaça DNS serwer salgysyny giriziň. Awto saýlasaňyz, ädim 9-a baryň.

  8. Goşmaça DNS serweriniň IP salgysyny giriziň.

    Öňki ekranda görkezilen bahany tassyklaň.

  9. Gurnawy başlatmak basyň.