Proksi serwerini bellemek (goşmaça tor ulanylanda)

Aşakdakylaryň ikisem dogry bolsa, proksi serweri sazlaň.

  • Proksi serwer internet birikmesi üçin gurulýar.

  • Epson Connect hyzmaty ýa-da başga kompaniýanyň bulut hyzmatlary ýaly, printeriň internete göni birigýän funksiýasy ulanylanda.

Proksi serwer diňe standart torda elýeterli bolýar.

  1. Öý ekranda Sazlamalar saýlaň.

    IP salgy sazlamasyndan soň sazlamalar bellenen wagty, Giňişleýin ekrany görkezilýär. Ädim 3-e gidiň.

  2. Umumy Sazlamalar > Tor Sazlamalary > Standart > Giňişleýin saýlaň.

  3. Proksi Serwer saýlaň.

  4. Ulan saýlaň (Proksi Serwer Sazlamalary üçin).

  5. IPv4 ýa-da FQDN formatyna görä proksi serweriň salgysyny giriziň.

    Öňki ekranda görkezilen bahany tassyklaň.

  6. Proksi serweriň port belgisini giriziň.

    Öňki ekranda görkezilen bahany tassyklaň.

  7. Gurnawy başlatmak basyň.