Sanly sertifikatyň görünmegi bilen baglanyşykly duýduryş

Hatlar

Sebäbi/Näme etmeli

Enter a Server Certificate.

Sebäp:

Importirlemäge faýl saýlamadyňyz.

Näme etmeli:

Faýl saýlap, Import basyň.

CA Certificate 1 is not entered.

Sebäp:

CA sertifikaty 1 girizilmedik we diňe CA sertifikaty 2 girizilen.

Näme etmeli:

Ilki bilen, CA sertifikaty 1-i importirläň.

Invalid value below.

Sebäp:

Faýl ýolunda we/ýa-da parolda goldanylmaýan nyşanlar bar.

Näme etmeli:

Element üçin nyşanlaryň dogry girizilendigini anyklaň.

Invalid date and time.

Sebäp:

Printer üçin sene we wagt bellenilmedi.

Näme etmeli:

Web Config, EpsonNet Config ýa-da printeriň dolandyryş paneli arkaly sene bilen wagt belläň.

Invalid password.

Sebäp:

CA sertifikaty üçin bellenilen parol we girizilen parol deň däl.

Näme etmeli:

Dogry paroly giriziň.

Invalid file.

Sebäp:

X509 formatynda sertifikat importirlemeýärsiňiz.

Näme etmeli:

Ynamdar sertifikat edarasy tarapyndan iberilen dogry sertifikat saýlaň.

Sebäp:

Importirlän faýlyňyz gaty uly. Maksimum faýl ölçegi 5KB.

Näme etmeli:

Eger dogry faýly saýlasaňyz, onda sertifikat zeperlidir ýa-da galpdyr.

Sebäp:

Sertifikatdaky zynjyr nädogry.

Näme etmeli:

Sertifikat hakda goşmaça maglumat üçin, sertifikat edarasynyň websaýtyna serediň.

Cannot use the Server Certificates that include more than three CA certificates.

Sebäp:

PKCS#12 formatyndaky sertifikat faýlynda 3-den köp CA sertifikaty bar.

Näme etmeli:

Her sertifikaty PKCS#12 formatdan PEM formata öwrüp importirläň ýa-da 2-ä çenli CA sertifikaty bar bolan PKCS#12 formatly sertifikat faýlyny importirläň.

The certificate has expired. Check if the certificate is valid, or check the date and time on your printer.

Sebäp:

Sertifikatyň möhleti dolan.

Näme etmeli:

  • Eger sertifikatyň möhleti dolan bolsa, täze sertifikat alyp importirläň.

  • Eger sertifikatyň möhleti dolmadyk bolsa, printerde sene bilen wagtyň dogry bellenilendigini anyklaň.

Private key is required.

Sebäp:

Sertifikat bilen jübütlenen hususy açar ýok.

Näme etmeli:

  • Eger sertifikat PEM/DER formatly bolsa we kompýuter arkaly CSR-den alnan bolsa, hususy açar faýlyny görkeziň.

  • Eger sertifikat PKCS#12 formatly bolsa we kompýuter arkaly CSR-den alnan bolsa, hususy açary öz içine alýan faýl dörediň.

Sebäp:

Web Config arkaly CSR-den alnan PEM/DER sertifikatyny täzeden importirlediňiz.

Näme etmeli:

Eger sertifikat PEM/DER formatly bolsa we Web Config arkaly CSR-den alnan bolsa, ony diňe bir gezek importirläp bilýärsiňiz.

Setup failed.

Sebäp:

Düzülişi gutaryp bolmaýar, sebäbi printer bilen kompýuteriň arasyndaky aragatnaşyk şowsuz boldy ýa-da faýly käbir ýalňyşlyklar sebäpli okap bolmady.

Näme etmeli:

Görkezilen faýly we aragatnaşyk barlanansoň, faýly täzeden importirläň.