> Önüm maglumaty > Programma üpjünçiligi maglumaty > Fakslamak üçin programma üpjünçiligi > Faks amallaryny düzmek we fakslary ibermek üçin programma (FAX Utility)

Faks amallaryny düzmek we fakslary ibermek üçin programma (FAX Utility)

FAX Utility programmasy size kompýuterden faks ibermegiň dürli sazlamalaryny düzmäge mümkinçilik berýär. Faks iberilende ulanar ýaly kontakt sanawyny döredip ýa-da düzedip, şeýle hem, alnan fakslary kompýutere PDF formatda ýazdyryp we ş.m. işleri ýerine ýetirip bilersiňiz. Jikme-jiklik üçin, programmanyň kömegine serediň.

Bellik:
  • Windows Server operasion ulgamlary goldanylmaýar.

  • FAX Utility gurnamankaňyz, bu printer üçin printer draýweriniň gurnalandygyny anyklaň; ol PostScript printer draýwerini we Epson köp ugurly printer draýwerini öz içine almaýar.

  • FAX Utility gurnalgy bolsun. Programma gurnalanmy-ýokmy barlamak üçin, aşakda "Windows bilen başlamak" ýa-da "Mac OS bilen başlamak" serediň.

Windows bilen başlamak
  • Windows 10

    Başlat düwmesine basyp, Epson Software > FAX Utility saýlaň.

  • Windows 8.1/Windows 8

    Gözleg gutusyna programmanyň adyny ýazyň we görkezilen şekiljigi saýlaň.

  • Windows 7/Windows Vista/Windows XP

    Başlat düwmesini basyp, Ähli programmalar (ýa-da Programmalar) > Epson Software > FAX Utility saýlaň.

Mac OS bilen başlamak

Apple menýusy > Printerler we skanerler (ýa-da Çap ediş we skanlama, Çap ediş we faks) arkaly Ulgam ileri tutmalary saýlap, printeri (FAX) saýlaň. Opsiýalar we üpjünçilikler > Utilit > Printer utilitini aç-y basyň.