> Möhüm görkezmeler > Ýewropa printer modellerini zyňmak

Ýewropa printer modellerini zyňmak

Printerde batareýa bolýar.

Eger önümiňizde atanak çekilen tekerli zibil gutusynyň etiketkasy bar bolsa, ol şu önümi we oňa dakylgy batareýalary adaty hojalyk zibilleriniň arasyna taşlamak bolmaýandygyny aňladýar. Daşky gurşawa ýa-da adam saglygyna zeper ýetirmezlik üçin, şu önümi we onuň batareýalaryny başga zibillere goşman, olaryň ekologik taýdan zyýansyz görnüşde gaýtadan işlenilmegini gazanyň. Elýeterli zibil ýygnaýjy desgalar barada goşmaça jikme-jiklik üçin, ýerli döwlet edaraňyza ýa-da şu önümi satyn alan ýeriňize ýüz tutuň. Pb, Cd ýa-da Hg himiki simwollarynyň ulanylmagy şol metallaryň batareýanyň düzüminde bardygyny görkezýär.

Batareýalar we akkumulýatorlar, batareýalaryň we akkumulýatorlaryň galyndylary hem-de 91/157/EEC belgili Direktiwany ýatyrmak barada ÝEWROPANYŇ PARLAMENTINIŇ WE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ GEŇEŞINIŇ 06.09.2006 seneli 2006/66/EC belgili Direktiwasyna, şeýle hem, ony dürli milli hukuk ulgamlaryna transponirleýän we girizýän kanunçylyga laýyklykda, şu maglumat diňe Ýewropa Bileleşiginde ýaşaýan müşderilere we Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň we Afrikanyň (EMEA) ekwiwalent hukuk namalaryny girizen ýurtlarynda ýaşaýan müşderilere degişlidir.

Başga ýurtlar üçin, öz önümiňizi gaýtadan işlemek ähtimallygyny anyklamak üçin, öz ýerli döwlet edaraňyza ýüz tutuň.