Goşmaça Opsiýalar taby

Çap Ediş Öňki Sazlamalary:

Öňünden Sazlamalary Goş/Aýyr:

Ýygy ulanylýan çap ediş sazlamalaryna öz standart sazlamalaryňyzy goşup ýa-da aýryp bilersiňiz. Sanawdan ulanmak isleýän standart sazlamaňyzy saýlaň.

Sazlamalary Görkez/Sazlamalary Gizle:

Häzirki wagtda Baş Sahypa, Gutarýar we Goşmaça Opsiýalar tablarynda bellenilgi zatlaryň sanawyny görkezýär. Häzir sazlama sanawy ekranyny görkezip ýa-da gizläp bilersiňiz.

Asyl sazlamalary dikelt:

Ähli sazlamalary öz aslyna dolaň. Baş Sahypa we Gutarýar tablaryndaky sazlamalar hem öz aslyna nol edilýär.

Iş görnüşi:

Çap ediş maglumatyny printerde saklamalymy-dälmi saýlaň.

Kadaly çap ediş:

Çap ediş saklamazdan başlanýar.

Gizlin Wezipe:

Çap edýän wagtyňyz gizlin resminamalary parol bilen goraň. Bu aýratynlygy ulansaňyz, çap ediş maglumaty printerde saklanylýar we ony diňe printeriň dolandyryş paneli arkaly parol girizilende çap edip bolýar. Sazlamalary üýtgetmek üçin, Settings basyň.

Işi Anykla:

Köp nusga çap edilende, size materialy barlar ýaly, bir nusga çap etmäge mümkinçilik berýär. Ikinji nusgadan soň çap etmek üçin, printeriň dolandyryş panelini işlediň.

Sazlamalar basyp, Ulanyjynyň Ady we Işiň Ady belläň.

Işi Gaýtadan Çap Ediş:

Çap ediş işini printeriň ýadynda saklamaga mümkinçilik berýär. Printeriň dolandyryş panelini işletmek arkaly, çap etmegi başladyp bilersiňiz.

Sazlamalar basyp, Ulanyjynyň Ady we Işiň Ady belläň.

Ammara ýazdyr:

Çap ediljek maglumaty ammara ýazdyryp, ony soň çap edip bilersiňiz.

Ammara ýazdyr we çap et:

Çap edýärkäňiz, çap ediş maglumatyny ammara ýazdyryp bilersiňiz.

Reňk Düzeltmeler:
Awtomatik:

Suratlaryň öwüşginini awtomatik sazlaýar.

Ulanyjyň Kesgitläni:

Elde reňk düzetmäge mümkinçilik berýär. Giňişleýin bassaňyz, Reňk Düzeltmeler ekrany açylýar, ol ýerde reňk düzetmegiň jikme-jik usulyny saýlap bilersiňiz. Reňkli Uniwersal Çap Et üçin usuly bellemäge we Şekil Opsiýalary basanyňyzda teksti nygtap, çyzyklary inçeltmäge mümkinçilik berýär. Gyralary Düzleme, Gyzyl Gözi Düzet we azaldylan gyra bulanmaly çap ediş sazlamalaryny hem işledip bilersiňiz.

Goşmaça Sazlamalar:
Suw Nyşanynyň Aýratynlyklary:

Anti-nusga şablonlary, suw belgileri ýa-da ýokarky/aşaky kolontitul üçin sazlamalary bellemäge mümkinçilik berýär.

Goş/Öçür:

Ulanmak isleýän islendik anti-nusga şablonlaryňyzy ýa-da suw belgileriňizi goşmaga ýa-da aýyrmaga mümkinçilik berýär.

Sazlamalar:

Anti-nusga şablonlary ýa-da suw belgileri üçin çap ediş usulyny bellemäge mümkinçilik berýär.

Ýokarky Kolontitul/Aşaky Kolontitul:

Ýokarky/aşaky kolontitulda ulanyjy ady we çap ediş senesi ýaly maglumatlary çap edip bilersiňiz.

180° Aýla:

Çap etmezden öň, sahypalary 180 gradus aýlaýar. Printerde üýtgewsiz ugra goýlan konwertler ýaly kagyza çap edilende, şuny saýlaň.

Çap ediş toplumlary:

Çap edişleri topara görä sortlamagyňyza mümkinçilik berýän sazlamalary işledýär. Nusgalaryň sanyny, toplumlaryň sanyny we sortlama usulyny bellemek üçin, Sazlamalar basyň.