Çap edilýän reňki sazlamak

Çap edilýän işde ulanylýan reňkleri sazlap bilersiňiz. Ol sazlamalar original maglumatda ulanylmaýar.

PhotoEnhance original suratyň kontrastyny, doýgunlygyny we ýagtylygyny awtomatik sazlamak arkaly, has ýiti suratlary we has janly reňkleri döredýär.

Bellik:

PhotoEnhance subýektiň ýerini seljermek arkaly, reňki sazlaýar. Şol sebäpli, suraty kiçeldip, ulaldyp, kesip ýa-da aýlap, subýektiň ýerini üýtgeden bolsaňyz, onda reňkiň duýdansyz üýtgemekligi mümkin. Eger surat fokusyň daşynda bolsa, öwüşginiň tebigy bolmazlygy mümkin. Eger reňk üýtgese ýa-da tebigy bolmasa, PhotoEnhance-den başga tertipde çap ediň.

  1. Açylýan menýudan Reňk deň getiriş saýlap, EPSON Color Controls saýlaň.

  2. Açylýan menýudan Color Options saýlap, elýeterli opsiýalaryň birini saýlaň.

  3. Giňişleýin Sazlamalaryň ýanyndaky oka basyp, degişli sazlamalary belläň.

  4. Gerek bolsa, başga zatlary hem belläň.

  5. Çap et basyň.