> Möhüm görkezmeler > Möhüm howpsuzlyk görkezmeleri > Sarp edilýän önümler bilen iş salyşmak

Sarp edilýän önümler bilen iş salyşmak

  • Ulanylan syýa kartrijine seresaplyk bilen çemeleşiň, sebäbi syýa çykýan deşigiň töwereginde syýa bar bolmagy mümkin.

    • Endamyňyza syýa degse, ony sabyn we suw bilen gowy edip ýuwuň.

    • Syýa gözüňize girse, ony haýal etmän bol suw bilen ýuwuň. Şondan soň hem bimazalyk ýa-da görüşiň ýaramazlaşmagy dowam etse, haýal etmän lukmana ýüz tutuň.

    • Syýa agzyňyza girse, haýal etmän lukmana ýüz tutuň.

  • Syýa kartrijini we tehniki hyzmat gutusyny sökmäň; ýogsam, gözüňize ýa-da endamyňyza syýanyň degmegi mümkin.

  • Syýa kartrijini gaty çaýkamaň; ýogsam, syýa kartrijinden syýanyň syzmagy mümkin.

  • Syýa kartrijini we tehniki hyzmat gutusyny çagalaryň elýeterinden uzakda goýuň.

  • Kagyzyň gyrasynyň endamyňyzyň üstünde süýşmegine ýol bermäň, sebäbi kagyzyň gyrasy sizi kesip biler.