Lüle dykylmagynyň öňüni almak

Printeriň toguny açan we öçüren wagtyňyz hemişe tok düwmesini ulanyň.

Tok şnuruny sogurmazdan öň, tok çyrasynyň sönükdigini barlaň.

Eger agzy ýapylmasa, syýanyň öz-özünden guramagy mümkin. Guramazlgy üçin syýaly ýa-da ýagly ruçkanyň gapagynyň ýapylyşy ýaly, syýasy guramazlygy üçin, çap ediş golowkasynyň gapagyny dogry ýapyň.

Printer işläp durka tok şnury sogrulsa ýa-da tok öçse, çap ediş golowkasynyň gapagynyň dogry ýapylman galmagy mümkin. Eger çap ediş golowkasy şol durşuna goýulsa, ol gurap, lüleleriň (syýa çykalgalarynyň) dykylmagyna elter.

Şeýle ýagdaýlarda, çap ediş golowkasynyň gapagynyň ýapylmagy üçin, mümkin boldugyça derrew printeriň toguny açyp öçüriň.