Ştrihkod nyşanlaryny girizýän we formatlaýan wagtyňyz, şu aşakdakylara üns beriň:
Kölegeleme ýa-da ýörite nyşan formatlamasy, meselem goýy, kursiw ýa-da aşagy çyzyk format ulanmaň.
Ştrihkodlary diňe ak-gara reňkde çap ediň.
Nyşanlar aýlan wagtyňyz, diňe 90˚, 180˚ we 270˚ aýlanyş burçlaryny görkeziň.
Programmaňyzdaky awtomatik nyşan we söz boşluklama sazlamalaryny ýapyň.
Programmaňyzdaky nyşanlaryň ölçegine diňe dikligine ýa-da keseligine ulaldýan ýa-da kiçeldýän aýratynlyklary ulanmaň.
Programmaňyzdaky dürs ýazuw, grammatika, boşluklama we ş.m. awto-düzediş aýratynlyklaryny ýapyň.
Ştrihkodlary resminamaňyzdaky başga tekstden has ýeňil saýgarylar ýaly etmek üçin, programmaňyzy abzas belgileri, tablar we ş.m. tekst simwollaryny görkezer ýaly edip sazlaň.
Epson BarCode Font saýlanylanda Başlat ştrihi we Duruz ştrihi ýaly ýörite nyşanlar goşulýandygy sebäpli, netijedäki ştrihkodda asyl girizilenden has köp nyşan bar bolup bilýär.
Iň gowy netijeler üçin, diňe "Epson BarCode Font häsiýetnamasynda" (ulanylýan Epson BarCode Font üçin) maslahat berilýän şrift ölçeglerini ulanyň. Başga ölçeglerdäki ştrihkodlary ähli ştrihkod okaýjylarda okap bolmazlygy mümkindir.
Çal şkala (Çap Sazlamalary üçin) we Standart ýa-da Ýokary (Hil üçin) saýlaň.
Çap ediş dykyzlygyna ýa-da kagyzyň hiline ýa-da reňkine baglylykda, ştrihkodlary ähli ştrihkod okaýjylarda okap bolmazlygy mümkindir. Nusga çap ediň we uly möçberleri çap etmezden öň, ştrihkodlaryň okalýandygyny anyklaň.