Ulgam Dolandyrylyşy

Bu menýuny ulanmak bilen, siz önüme ulgam administratory hökmünde tehniki hyzmat edip bilersiňiz. Ol size öz iş ýa-da ofis stiliňize görä ulanyjylara önüm funksiýalaryny çäklendirmäge hem mümkinçilik berýär.

Aşakda görkezilişi ýaly, dolandyryş panelinden menýulary saýlaň.

Sazlamalar > Umumy Sazlamalar > Ulgam Dolandyrylyşy

Kontaktlary Dolandyryjy
Goş/Redaktirle/Öçür:

Faks, E-poçta skanla we Tor Bukjasyna/FTP Skanirlemek menýulary üçin kontaktlary bellige alyň we/ýa-da öçüriň.

Ýygy:

Ýygy ulanylýan kontaktlary çalt girer ýaly bellige alyň. Sanawyň yzygiderligini üýtgedip hem bilersiňiz.

Kontaktlary Çap Etmek:

Kontakt sanawyňyzy çap ediň.

Opsiýalary görmek:

Kontaktyň görkezilýän usulyny üýtgediň.

Opsiýalary gözlemek:

Kontaktlary gözlemek usulyny üýtgediň.

Çap ediş golowkasyny arassalamagyň sazlamalary:

Çap ediş golowkasyny arassalamak üçin aşakdaky sazlamalary belläp bilersiňiz.

Awtomatiki arassalama:

Çap etmezden öň ýa-da çap edilensoň, çap ediş golowkasynyň lüleleri dykylanmy-dälmi barlaň.

Eger barlagyň netijesinde zerurdygy ýüze çyksa, çap ediş golowkasyny arassalamak awtomatik ýerine ýetirilýär.

Döwürleýin arassalama:

Belli bir möçberde sahypa çap edilende, çap golowkasyny arassalamagyň ýerine ýetirilmegi üçin, Açmak saýlaň.

Reňk duýgurlygyny nusgala:

Awto arkaly nusgalanan wagty, resminama ak-garamy ýa-da reňklimi kesgitlemek üçin, duýgurlyk sazlamasyny saýlaň.

Has köp Ak-gara we Has köp Reňk aralygyndaky bäş derejeden duýgurlygy saýlap bilersiňiz.

Resminamalar Has köp Ak-gara golaý saýlananda ak-gara, Has köp Reňk golaý saýlananda reňkli skanlanmaga meýilli bolýar.

Skaner arassalamak teklibi:

Awto-berijiniň skanlama komponentlerini arassalamagyň wagtyny habar berýän hatyň görkezilmegini islemeseňiz, Ýapyk saýlaň.

Sahypa sanyny nol et:

Interfeýse görä saklanylýan reňkli we monohrom sahypalaryň jemi sanyny nol edýär: Standart tor, Goşmaça tor we Başga.

Ýöne, çap edişleriň jemi sany we kagyz ölçegine görä çap edilen sahypalaryň sany nol edilmez.

Islege bagly gurnalan tor interfeýsinden çap edilen sahypalaryň sany «Goşmaça torda» sanalýar we USB interfeýsinden, faksdan, nusgalamadan we ş.m. çap edilen sahypalaryň sany «Başgada» sanalýar.

Interfeýse görä saklanylýan sahypalaryň häzirki sanyny Ulanyş taryhy listinden barlap bilersiňiz (Sazlamalar > Çap Ediji ýagdaýy/Çap et > Ulanyş Taryhy Sahypasy).

Içki Ýat Maglumaty arassalamak:
HDD Sazlamalary öçür:

Içerki gaty diskde duran maglumaty işlemek üçin sazlamalary belläň.

Hakykylygy barlanan çap ediş üçin maglumaty, şeýle hem, uly möçberde nusgalamany, skanlamany, çap edişi we ş.m. işlemek üçin, çap ediş, nusgalama we skanlama işleri gaty diske wagtlaýynça ýazdyrylýar. Ol maglumaty howpsuz pozar ýaly sazlamalary belläň.

Ýat Awto Öçürme Sazlamalary:

Ol işledilende, çap ediş ýa-da skanlama dynyp, degişli maglumat gereksiz boldugyça yzly-yzyna pozulýar. Bu funksiýa işledilse, öçürilmeli ýere maglumat ýazylýar.

Gaty diske giriş gerekdigi sebäpli, güýç tygşytlama tertibini girizmegiň wagty gijigýär.

Ähli Ýady Öçür:

Gaty diskdäki ähli maglumaty pozýar. Formatlama dowam edýärkä, başga amallary ýerine ýetirip ýa-da enjamy ýapyp bilmersiňiz.

  • Ýokary tizlik:

    Bellenen pozuş buýrugy arkaly ähli maglumaty pozýar.

  • Üstünden ýazma:

    Bellenen pozuş buýrugy arkaly ähli maglumaty pozýar we ähli maglumaty pozmak üçin, ähli degişli ýerleriň üstünden başga maglumat ýazýar.

  • Üç gezek üstünden ýaz:

    Bellenen pozuş buýrugy arkaly ähli maglumaty pozýar we ähli maglumaty pozmak üçin, ähli degişli ýerleriň üstünden üç gezek başga maglumat ýazýar.

Howpsyzlyk Sazlamalary:

Aşakdaky howpsuzlyk sazlamalaryny belläp bilersiňiz.

Çäklendirmeler:

Panel gulpy işledilende, aşakdaky zatlaryň sazlamalaryny üýtgetmäge rugsat beriň.

  • Iş log girişi

  • Bellige Almaga Giriş/Kontaktlary Öçür

  • Faks Soňky giriş

  • Faks Geçiriş Žurnalyna giriş

  • Faks Hasabatyna giriş

  • Tor Bukjasyna/FTP Skanirlemek Ýat Taryhy Çap Etmek üçin Giriş

  • Elektron poçtasyna skanirlemek Soňky Ýerlerine Giriş

  • Elektron poçtasyna skanirlemek Soňky Iberilen Taryhyny Görkezmek üçin Giriş

  • Elektron poçtasyna skanirlemek Iberilen Taryhyny Çap Etmek üçin Giriş

  • Dile Giriş

  • Galyň Kagyz Giriş

  • Sessiz Tertip Giriş

  • Çap Ediş Tizliginiň Aýratynlygyna Giriş

  • Iki Gatly Kagyz Beriş Kesgitlemegine Giriş

  • Şahsy Maglumatlaryň Goralmagy

  • Nusga çykyş lotogyna giriş

  • Togy öçürmegi kabul et

Giriş Gözegçiligi:

Önüm aýratynlyklaryny çäklendirmek üçin, Açmak saýlaň. Ol ulanyjylaryň dolandyryş paneliniň aýratynlyklaryny ulanyp bilmegi üçin öz ulanyjy adyny we parolyny ulanyp, önümiň dolandyryş paneline girmegini talap edýär. Bilinmeýän ulanyjy işlerini kabul etmek arkaly gerekli hakykylyk-barlag maglumaty ýok bolan işlere rugsat bermelimi-dälmi saýlap bilersiňiz.

Dolandyryş Sazlamalary:
  • Dolandyryjy Açarsözi

    Administrator parolyny belläň, üýtgediň we aýryň.

  • Sazlamalary Gulplamak

    Dolandyryjy Açarsözinda bellige alnan parol arkaly dolandyryş panelini gulplamalymy-dälmi saýlaň.

Parol düzgünleri:

Parol syýasatyny bellemek üçin, Açmak saýlaň.

Parol şifrlemesi:

Parolyňyzy şifrlemek üçin, Açmak saýlaň. Şifrleme açaryny ätiýaçlamak üçin, USB enjamyny hem birikdirip bilersiňiz. Täzeden işletmek dowam edip durka togy öçürseňiz, maglumata zeper ýetip biler we printer sazlamalary aslyna dikeldiler. Eger ol ýüze çyksa, parol maglumatyny täzeden belläň.

Audit penjiresi:

Audit loguny ýazga geçirmek üçin, Açmak saýlaň.

Başlanda programma anyklaýyşy:

Başladylanda printeriň programmasyny tassyklamak üçin, Açmak saýlaň.

Müşderileri öwreniş:

Çap edişleriň sany ýaly önüm ulanyş maglumatyny Seiko Epson Corporation-a bermek üçin, Tassykla saýlaň.

Nol et:

Aşakdaky menýularyň sazlamalaryny aslyna nol ediň.

  • Tor Sazlamalary

  • Sazlamalary Göçürmek

  • Skanirlemegiň Sazlamalary

  • Faks Sazlamalary

  • Ähli Ýady Öçür

    Gaty diskdäki ähli maglumaty pozýar. Formatlama dowam edýärkä, başga amallary ýerine ýetirip ýa-da enjamy ýapyp bilmersiňiz.

    • Ýokary tizlik

      Bellenen pozuş buýrugy arkaly ähli maglumaty pozýar.

    • Üstünden ýazma

      Bellenen pozuş buýrugy arkaly ähli maglumaty pozýar we ähli maglumaty pozmak üçin, ähli degişli ýerleriň üstünden başga maglumat ýazýar.

    • Üç gezek üstünden ýaz

      Bellenen pozuş buýrugy arkaly ähli maglumaty pozýar we ähli maglumaty pozmak üçin, ähli degişli ýerleriň üstünden üç gezek başga maglumat ýazýar.

  • Ähli magl we sazl nol et

    Gaty diskdäki ähli maglumaty, şeýle hem, printerdäki sazlamalaryň ählisini pozýar. Formatlama dowam edýärkä, başga amallary ýerine ýetirip ýa-da enjamy ýapyp bilmersiňiz.

    • Ýokary tizlik

      Bellenen pozuş buýrugy arkaly ähli maglumaty pozýar.

    • Üstünden ýazma

      Bellenen pozuş buýrugy arkaly ähli maglumaty pozýar we ähli maglumaty pozmak üçin, ähli degişli ýerleriň üstünden başga maglumat ýazýar.

    • Üç gezek üstünden ýaz

      Bellenen pozuş buýrugy arkaly ähli maglumaty pozýar we ähli maglumaty pozmak üçin, ähli degişli ýerleriň üstünden üç gezek başga maglumat ýazýar.

Maksatnamany Täzeleme:

Siz häzirki wersiýa ýaly proşiwka maglumatyny we elýeterli täzelemeler hakda maglumaty alyp bilersiňiz.

Awtomatik proşiwka täzelemesi:

Proşiwkany awtomatik täzelemek üçin, Açmak saýlaň. Täzelemek üçin hepdäniň gününi/başlangyç wagty bellär ýaly, Açmak saýlaň.

Thki hzmt edş/Srws ržmi:

Tehniki hyzmat/Hyzmat tertibini ýapmak üçin, Öçür saýlaň.