Printeri öz başyňyza geçirmäň.
Printeri açyk howada, gaty hapa ýa-da tozanly ýerlerde, suw we ýylylyk çeşmeleriniň ýanynda, urgy, titreme, ýokary temperatura ýa-da çyglylyk bolýan ýerlerde goýmaň ýa-da saklamaň.
Printeri ähli tarapy enjamyň binýadyndan has giň bolan tekiz, durnukly ýerde goýuň. Eger printer biraz gyşyk dursa-da dogry işlemez.
Printeri temperaturanyň we çyglylygyň çalt üýtgeýän ýerlerine gurnamaň. Printeri gün şöhlesiniň göni düşmeginden, ýiti ýagtylykdan we ýylylyk çeşmelerinden uzakda saklaň.
Printeriň korpusyndaky deşikleri beklemäň ýa-da ýapmaň.
Awto-beriji (awtomatik resminama beriji) bloguny doly galdyrar ýaly, printeriň ýokarsynda boş ýer goýuň.
Çap ediş we tehniki hyzmat işlerini ýerine ýetirer ýaly, printeriň öňünde, çepinde we sagynda ýeterlik ýer goýuň.
Tok şnurunyň degişli ýerli howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelýändigini anyklaň. Diňe şu önümiň ýany bilen gelýän tok şnuruny ulanyň. Başga şnur ulanmaklyk ýangynyň döremegine ýa-da tok urmagyna eltip biler. Bu önümiň tok şnury diňe şu önümde ulanmak üçin niýetlenilendir. Ony başga enjamda ulanmaklyk ýangynyň döremegine ýa-da tok urmagyna eltip biler.
Diňe printeriň etiketkasynda görkezilen energiýa çeşmesini ulanyň.
Printeri tok şnuruny aňsat birikdirmek üçin elektrik rozetkasynyň golaýynda ýerleşdiriň.
Printeri regulýar açylýan we ýapylýan fotonusga apparatlaryna ýa-da kondisionirleýiş ulgamyna tok üpjün edýän rozetkalara birikdirmäň.
Printeri diwara oturdylýan öçürgiçler ýa-da awtomatik taýmerler arkaly dolandyrylýan rozetkalara birikdirmäň.
Tutuş kompýuter ulgamyny gatygürleýji ýa-da simsiz telefonlaryň baza modullary ýaly potensial päsgelçilik çeşmelerinden daşda gurnaň.
Tok şnurlaryny olar sürtülmez, kesilmez, dargamaz, towlanmaz we bükülmez ýaly ýerlerden geçirmeli. Tok şnurunyň üstünde zat goýmaň we tok şnurunyň üstünden basylmagyna we geçilmegine ýol bermäň. Ylaýta-da, ähli tok şnurlarynyň uçlarynyň we öwürgiç (preobrazowatel) bilen birigýän ýerleriniň göni bolmagyna üns beriň.
Eger siz printere uzaldyjy arkaly birigýän bolsaňyz, şol uzaldyja birikdirilen ähli gurluşlaryň jemi ýüküniň maksimum rugsat berilýän ýükden köp bolmazlygyny üpjün ediň. Şeýle hem, elektrik rozetkasyna birikdirilen ähli gurluşlaryň jemi ýüküniň maksimum rugsat berilýän ýükden köp bolmazlygyny üpjün ediň.
Eger siz printeri Germaniýada ulanmakçy bolsaňyz, gysga utgaşmadan ýa-da artykmaç tokdan goramak üçin, ony 10-luk ýa-da 16-lyk awtomatik öçürgijiň üsti bilen birikdiriň.
Islege bagly kitapça timarlaýjyny ulanýan wagtyňyz, printer üçin bir tok şnuruny we kitapça timarlaýjy üçin başga bir tok şnuruny ulanyň. Printeriň nominal togy 9 A, kitapça timarlaýjyda bolsa 10 A deňdir. Tok şnurlaryny ikisiniň jemi nominal togundan uly kuwwatlykdaky tok çeşmesine birikdiriň. Eger jemi nominal tok elýeterli tok kuwwatlygyndan geçýän bolsa, her bir tok şnuruny aýratyn garaşsyz öçürgiçli aýratyn tok çeşmesine birikdiriň.