Programmalary we proşiwkany täzelemek

Programmalary we proşiwkany täzelemek arkaly käbir problemalary çözmegiňiz, funksiýalary gowulandyrmagyňyz ýa-da goşmagyňyz mümkin. Programmalaryň we proşiwkanyň iň täze wersiýalaryny ulanyň.

Haçan-da parol ulanýan bir kompýuterden şu aşakdaky funksiýalary ulanýan wagtyňyz, iň täze proşiwka we programma üpjünçiligi, şol sanda printer draýweri gurnalgy bolmalydyr.

  • Giriş dolandyryş aýratynlygy üçin ulanyjy hasabyny bellige almak we ulanmak

  • Confidential Job

  • Bi kompýuterden Ammara ýazdyr opsiýasyna girmek

  1. Printeriň kompýutere, kompýuteriň bolsa internete birikdirilendigini anyklaň.

  2. EPSON Software Updater başladyp, programmalary we proşiwkany täzeläň.

    Möhüm:

    Täzeleme gutarýança, kompýuteri ýa-da printeri ýapmaň; ýogsam, printeriň bozulmagy mümkin.

    Bellik:

    Eger täzelemek isleýän programmaňyz sanawda ýok bolsa, ony EPSON Software Updater arkaly täzeläp bilmeýärsiňiz. Programmalaryň iň täze wersiýalaryny ýerli Epson websaýtyňyzdan gözläň.

    http://www.epson.com