Eger printeriň gollanmasynda ýörite görkezilmeýän bolsa, onda tok şnuruny, wilkany, printer bloguny, skaner bloguny ýa-da goşmaça opsiýalary hiç haçan özbaşdak sökmäň, üýtgetmäň ýa-da bejerjek bolmaň.
Şu aşakdaky ýagdaýlar ýüze çykanda, printeri tokdan aýryň we ökde hünärli serwis işgärlerine bejertmäge äkidiň:
Tok şnuruna ýa-da wilka zeper ýetende; printeriň içine suwuklyk gidende; printer ýere gaçanda ýa-da korpusyna zeper ýetende; printer kadaly işlemese ýa-da işleýşi mese-mälim peselende. Ulanyş görkezmelerinde beýan edilmedik regulirlemeleri sazlamaň.
Seresap boluň, printeriň üstüne suwuklyk dökmäň we printeri öl el bilen ellemäň.
Eger LCD ekrana zeper ýetse, dileriňize ýüz tutuň. Suwuk kristal ergin eliňize degse, ony sabyn we suw bilen gowy edip ýuwuň. Suwuk kristal ergin gözüňize girse, ony haýal etmän bol suw bilen ýuwuň. Şondan soň hem bimazalyk ýa-da görşüň ýaramazlaşmagy dowam etse, haýal etmän lukmana ýüz tutuň.
Eger şu gollanmada şeýtmeklik görkezilmeýän bolsa, printeriň içindäki komponentlere degmekden gaça duruň.
Printeriň içindäki we islege bagly zatlardaky "ägä boluň" etiketkasy bar bolan ýerlere degäýmäň.
Ýyldyrymly tupan wagtynda telefon ulanmakdan gaça duruň. Ýyldyrym urmak howpy ýüze çykyp biler.
Gazyň syzýandygyny habar bermek üçin, gazyň syzýan ýeriniň golaýynda telefon ulanmaň.
Printeri kabel arkaly kompýutere ýa-da başga enjama birikdiren wagtyňyz, razýomlaryň ugrunyň dogrudygyna göz ýetiriň. Her razýomy diňe ýekeje usul bilen birikdirip bolýar. Eger razýomy ýalňyş daksaňyz, kabel arkaly birikdirilen iki enjama hem zeper ýetmegi mümkin.
Printerdäki slotlara zat dykmaň.
Çap edilýärkä, printeriň içine eliňizi salmaň.
Ýanýan gazly aerozol önümlerini printeriň içinde ýa-da ýanynda ulanmaň. Ol ýangynyň döremegine eltip biler.
Seresap boluň, gapaklary, lotoklary, kassetalary açýan ýa-da printeriň içinde amallary ýerine ýetirýän wagtyňyz, barmaklaryňyzy gapjadaýmaň.
Originallary goýanyňyzda, skanner aýnasyna gaty basmaň.
Printeri hemişe
düwmesiniň kömegi bilen ýapyň. Güýç çyrasy ýanyp sönmegini goýýança, printeri tokdan sogurmaň.
Eger printeri uzak wagtlap ulanmajak bolsaňyz, onda tok şnuruny hökman elektrik rozetkasyndan aýryň.
Printeriň üstünde oturmaň ýa-da oňa söýenmäň. Printeriň üstünde agyr zatlary goýmaň.
Printer ulanylanda, printeriň sazlaýjy boltlaryny gulplaň.
Sazlaýjy boltlar gulply wagty, printeri süýşürmäň.
Islege bagly kitapça timarlaýjyny ulanýan wagtyňyz seresap boluň, "Ägä boluň" etiketkasy bilen bellenilen ýerlere ýa-da olaryň daş-töweregine degäýmäň. Eger printer ulanylýan bolsa, şol ýerleriň örän gyzgyn bolmagy mümkindir. Ýokary temperatura ýanyklara eltip bilýär.
