Baş Sahypa taby

Çap Ediş Öňki Sazlamalary:

Öňünden Sazlamalary Goş/Aýyr:

Ýygy ulanylýan çap ediş sazlamalaryna öz standart sazlamalaryňyzy goşup ýa-da aýryp bilersiňiz. Sanawdan ulanmak isleýän standart sazlamaňyzy saýlaň.

Syýanyň Derejeleri:

Takmynan syýa derejesini görkezýär. Bu aýratynlygy işletmek üçin, siz EPSON Status Monitor 3 gurnamaly. Ony Epson websaýtyndan göçürip alyp bilersiňiz.

https://www.epson.com

Sazlamalary Görkez/Sazlamalary Gizle:

Häzirki wagtda Baş Sahypa, Gutarýar we Goşmaça Opsiýalar tablarynda bellenilgi zatlaryň sanawyny görkezýär. Häzir sazlama sanawy ekranyny görkezip ýa-da gizläp bilersiňiz.

Asyl sazlamalary dikelt:

Ähli sazlamalary öz aslyna dolaň. Gutarýar we Goşmaça Opsiýalar tablaryndaky sazlamalar hem öz aslyna nol edilýär.

Çapy Deslapdan Synlama:

Çap etmänkä, resminamanyň synlawyny görkezýär.

Job Arranger Lite:

Job Arranger Lite size dürli goýmalarda döredilen birnäçe faýly birleşdirmäge we olary ýeke iş hökmünde çap etmäge mümkinçilik berýär.

Kagyz Çeşmesi:

Kagyzyň berilýän kagyz çeşmesini saýlaň. Printerde çap ediş sazlamalarynda saýlanan kagyz çeşmesini awtomatik saýlamak üçin, Awtomatik Usulda Saýla saýlaň. Eger Her sahypa üçin aýratynlykda sazla saýlasaňyz, öňdäki sahaba we yzky sahaba çap etmelimi-dälmi saýlap bilersiňiz. Resminamaňyzdaky sahypalar üçin birnäçe kagyz çeşmesini saýlap hem bilersiňiz. Eger Aralyk list/Bölüm saýlap, Sazlamalar bassaňyz, jikme-jik sazlamalary belläp bilersiňiz.

Dokument Ölçegi:

Çap etmek isleýän kagyz ölçegiňizi saýlaň. Ulanyjynyň Kesgitläni saýlasaňyz, kagyzyň inini we boýuny girizip, ölçegini bellige alyň.

Çykýan Kagyz:

Çap etmek isleýän kagyz ölçegiňizi saýlaň. Dokument Ölçegi bilen Çykýan Kagyz tapawutly bolsa, Dokumenti Kiçelt/Ulalt awtomatik saýlanylýar. Resminamanyň ölçegini kiçeltmän ýa-da ulaltman çap eden wagtyňyz, ony saýlamak gerek däl.

Dokumenti Kiçelt/Ulalt:

Resminamanyň ölçegini kiçeltmäge ýa-da ulaltmaga mümkinçilik berýär.

Sahypa sygdyr:

Çykýan Kagyznda saýlanan kagyz ölçegine sygdyrmak üçin, resminamany awtomatik kiçeldiň ýa-da ulaldyň.

Ýakynlaşdyr:

Belli bir göterimde çap edýär.

Merkez:

Suratlary kagyzyň ortasynda çap edýär.

Kagyz Görnüşi:

Çap edýän kagyz görnüşiňizi saýlaň. Eger Awto saýlama (ýönekeý kagyzlar) saýlasaňyz, printeriň sazlamalarynda şu aşakdakylara bellenilen kagyz görnüşine degişli kagyz çeşmesinden çap ediş ýerine ýetirilýär.

Ýönekeý kagyz1, Ýönekeý kagyz2, Preprinted, Letterhead, Reňkli, Recycled, Ýokary hilli ýönekeý kagyz

Emma, printeriň Sazlamalary Awto Saýlamaknda ýapyk edilip bellenen agyz görnüşine degişli kagyz çeşmesinden kagyz berip bolmaýar. Öňdäki sahaba we yzky sahaba çap edilende, kagyz ýokarkydan başga kagyz görnüşleri üçin bellenilen kagyz çeşmesinden hem çap edilýär.

Hil:

Çap ediş üçin ulanmak isleýän çap ediş hiliňizi saýlaň. Elýeterli sazlamalar saýlaýan kagyz görnüşiňize bagly bolýar. Ýokary saýlasaňyz, has ýokary hilli çap edilýär, ýöne tizlik haýallap biler.

Kagyz çeşmesi maglumaty:

Her kagyz çeşmesi üçin bellenilen kagyz maglumatyny görkezýär.

Ýönlendirme:

Çap etmek üçin ulanmak isleýän duruş ugruňyzy saýlaň.

Reňkli:

Reňkli ýa-da monohrom çap etmelimi saýlaň.

2-taraplaýyn Çap Ediş:

2-ýüzli çap ediş ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Settings:

Çatyş gyrasyny we çatyş çetlerini görkezip bilersiňiz. Köp-sahypaly resminamalar çap edilende, sahypanyň öň ýa-da arka ýüzünden başlap çap etmegi saýlap bilersiňiz. Çatyş çetiniň suratlara nähili täsir edýändigini saýlamak üçin, Çatyş çetindäki suratlar ulanyp hem bilersiňiz.

Booklet Settings

Ortadan çatgyç çatyş görnüşini, çatyş çetini, gapak çap etmegi, sahypa belgilerini goşmagy we beýlekileri belläp bilersiňiz.

Köp sahypaly:

Ol bir liste birnäçe sahypa çap etmäge ýa-da plakat çap etmäge mümkinçilik berýär. Sahypalaryň çap edilýän yzygiderligini görkezmek üçin, ýerleşiş tertibi basyň.

Ters Tertipde:

Sahypalar çap edilensoň dogry tertipde desselener ýaly, soňky sahypadan başlap çap etmäge mümkinçilik berýär.

Deňeşdir/Deňeşdirilmedik:

Köp-sahypaly resminamalary komplektläp we toplumlara sortlap çap etmek üçin, Deňeşdir saýlaň.

Copies:

Çap etmek isleýän nusga sanyňyzy belläň.