Çap ediş hilini sazlamak

Eger dik çyzyklaryň deň düşmeýänini, suratlaryň bulanyk çykýanyny ýa-da kese zolaklary görseňiz, çap ediş hilini sazlaň. Her kagyzyň çap ediş hilini sazlamak isleýän bolsaňyz, ilki bilen şu sazlamany belläň.

  1. Printere A4 ölçegli adaty kagyz goýuň.

  2. Printeriň dolandyryş panelinde Hyzmat ediş saýlaň.

    Zat saýlamak üçin, düwmelerini ulanyp, OK düwmesini basyň.

  3. Çap ediş hilini sazlamak saýlaň.

  4. Çap ediş golowkasyny deňlemek üçin şablonlary çap eder ýaly, ekrandaky görkezmeleri berjaý ediň we çap ediş golowkasyny deňläň.

    • Çykýan kagyzlar bulanyk görünse, bu şablon deňleme geçirmäge mümkinçilik berýär.
      Iň bitewi şablonyň belgisini tapyp saýlaň.
    • Dik lineýka çyzyklary gyşarsa, bu şablon deňleme geçirmäge mümkinçilik berýär.
      Iň az möçberde deň düşmeýän dik çyzyk bar bolan şablonyň belgisini tapyp saýlaň.
    • Yzygider kese zolaklar görseňiz, bu şablon deňleme geçirmäge mümkinçilik berýär.
      Iň az aralykly we üst-üste düşýän şablonyň belgisini tapyp giriziň.