IEEE 802.3az (Energiýa tygşytlaýan Ethernet) goldaýan enjamlary ulanýan Ethernet arkaly printer birikdirilen wagty, ulanylýan haba ýa-da rutere baglylykda aşakdaky problemalaryň ýüze çykmagy mümkindir.
Birikme durnuksyz bolýar, printer bir birigip, bir kesilip durýar.
Printere birigip bolmaýar.
Aragatnaşyk tizligi haýallaýar.
Aşakdaky ädimleri berjaý edip, printer üçin IEEE 802.3az ýapyň we täzeden birigiň.
Kompýutere we printere birigen Ethernet kabelini aýryň.
Kompýuter üçin IEEE 802.3az işledilende, ony ýapyň.
Jikme-jiklik üçin, kompýuteriň ýany bilen berilýän resminamalara serediň.
Kompýuter bilen printeri Ethernet kabeli arkaly gönümel birikdiriň.
Printerde tor birikmesi hasabatyny çap ediň.
Tor birikmesi hasabatyndan printeriň IP salgysyny barlaň.
Kompýuterde Web Config-e giriň.
Web-brauzer açyp, printeriň IP salgysyny giriziň.
Network taby > Wired LAN saýlaň.
OFF saýlaň (IEEE 802.3az üçin).
Next basyň.
OK basyň.
Kompýutere we printere birigen Ethernet kabelini aýryň.
Ädim 2-de kompýuter üçin IEEE 802.3az ýapan bolsaňyz, ony işlediň.
Ädim 1-de aýran Ethernet kabelleriňizi kompýutere we printere birikdiriň.
Eger problema dowam etse, ondan oňa printerden başga enjamlaryň sebäp bolýan bolmagy mümkindir.