Awto-berijini arassalamak

Awto-berijiden nusgalanan ýa-da skanlanan suratlar çyrşak bolsa, ýa-da originallar awto-berijiden dogry berilmeýän bolsa, awto-berijini arassalaň.

Möhüm:

Printeri arassalamak üçin hiç wagt alkogol (spirt) ýa-da suwaldyjy ulanmaň. Ol himiki serişdeler printere zeper ýetirip biler.

  1. Awto-berijiniň gapagyny açyň.

  2. Roligi we awto-berijiniň içini arassalamak üçin, ýumşak, çygly mata ulanyň.

    Möhüm:
    • Gury mata ulanmak roligiň ýüzüne zeper ýetirip biler.

    • Awto-berijini rolik guransoň ulanyň.

  3. Awto-beriji gapagyny ýapyp, skaner gapagyny açyň.

  4. Aşakdaky suratda görkezilýän ýeri arassalaň.

    Hiç bir hapa galman aýrylýança, arassalamagy gaýtalaň.

    Möhüm:
    • Hapa aýrylansoň, ähli galan suwuklygy süpürip aýryň.

    • Eger aýnada ýag ýa-da aýyrmasy kyn tegmil bar bolsa, biraz aýna arassalaýjy serişde we ýumşak mata bilen tegmili aýryň.

    • Aýnanyň ýüzüni gaty basmaň.

    • Aýnanyň ýüzüni çyzaýmaň ýa-da oňa zeper ýetiräýmäň. Aýnanyň ýüzüne zeper ýetse, skanlamagyň hili peselip biler.

    Bellik:

    Awto-berijiden nusgalama edilende, gara çyzyk peýda bolsa, şekillendirmede görkezilýän ýeriň (B) hapa bolmagy mümkin.

    Nusgalanan kagyzy skaneriň aýnasynda goýuň we kagyzda gara çyzygyň görünýän ýerinden başlap, aýnany ýüzündäki hapany süpürip aýryň. Onuň ters ýüzünde hem edil şol ýeri süpüriň.

    (A) Gara çyzyk görünýän nusgalanan kagyz, (B) hapa ýer