Gara syýa azalanda we reňkli syýa köp wagty, gara syýa ýasamak üçin, dürli reňkleri garyp bilersiňiz. Gara syýa eltip berme enjamyny çalşyrmaga taýýarlanýarkaňyz, çap etmäge dowam edip bilersiňiz.
Bu funksiýa diňe printer draýwerinde şu aşakdaky sazlamalary saýlanyňyzda elýeterli bolýar.
Kagyz Görnüşi: Adaty kagyz
Hil: Standart
EPSON Status Monitor 3: Açyk
EPSON Status Monitor 3 ýapyk bolsa, printer draýwerine girip, Giňeldilen Sazlamalar basyň (Abatlaýyş tabynda) we EPSON Status Monitor 3 Işlet saýlaň.
Garyşyk gara dury garadan biraz üýtgeşik görünýär. Üstesine, çap ediş tizligi hem haýallaýar.
Çap ediş golowkasynyň hilini saklamak üçin, gara syýa hem sarp edilýär.
|
Opsiýalar |
Suratlandyrma |
|---|---|
|
Hawa |
Gara syýa ýasamak üçin reňkli syýalary garyp ulanmak üçin saýlaň. Indiki gezek şuňa meňzeş iş çap edeniňizde, şu penjire görkezilýär. |
|
Ýok |
Galan gara syýany ulanyp dowam etmek üçin saýlaň. Indiki gezek şuňa meňzeş iş çap edeniňizde, şu penjire görkezilýär. |
|
Bu funksiýany öçüriň |
Galan gara syýany ulanyp dowam etmek üçin saýlaň. Gara syýa eltip berme enjamyny çalşyryp, ol ýene-de azalýança, bu penjire görkezilmeýär. |